Işgärler bölümleriniň işini kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
30-njy aprelde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde «Işgärler bölümleriniň işini kämilleşdirmegiň esasy wezipeleri» atly okuw-maslahaty geçirildi. Okuw-maslahatyny ministrligiň Işgärler we ýörite işler bölümi hem-de Hukuk bölümi guradylar we oňa garamagyndaky edara-kärhanalaryň degişli hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimizde gazanylýan uly üstünliklere, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça alnyp barylýan işlere Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem-de garamagyndaky edara-kärhanalary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Pudakda durmuşa geçirilýän bu işlere ministrligiň we onuň düzüm birlikleriniň ähli bölümleriniň we gulluklarynyň, şol sanda Işgärler we Hukuk bölümleriniň işgärleriniň işeňňir gatnaşýandygy barada okuw-maslahatda bellenip geçildi.
Okuw-maslahatynda çykyş edenler görkezilen bölümlerde alnyp barylýan işler, öňde durýan esasy wezipeler we olary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada durup geçdiler. Çykyşlarda işleri talaba laýyk alyp barmak we kämilleşdirmek, hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, işgärleri saýlap almak we ýerli-ýerinde dogry goýmak, ministrligiň ulgamyny ýokary derejeli, döwrebap hünärmenler bilen üpjün etmek barada aýratyn nygtalyp geçildi.
Okuw-maslahatynyň dowamynda edara-kärhanalarda işleri guramagyň hukuk meseleleri, degişli kanunçylyk namalarynyň talaplary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem okuw-maslahatyna gatnaşan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekili zähmet gatnaşyklary, ministrlik we onuň ýerlerdäki guramalary bilen işleşmegiň meseleleri, ýerlerde bar bolan iş orunlary we ministrligiň resmi internet saýtyndaky “Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi” atly sahypanyň hyzmatyndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri barada aýtdy.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň wekili hem okuw-maslahatynda çykyş edip, edara-kärhanalarda Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň alyp barmaly işleri, hukuk taýdan bildirilýän talaplar we bu ugra degişli beýleki meseleler barada durup geçdi.
Şeýle hem okuw-maslahatynyň ahyrynda ministrligiň edara-kärhanalarynyň Işgärler we Hukuk bölümleriniň işgärleri işleri guramak boýunça öz tejribeleri barada çykyş etdiler hem-de sorag-jogap alyşma guraldy, şeýle-de okuw – maslahatyna gatnaşyjylar onuň täsirli we guramaçylykly geçendigini bellediler.