Täze jaý — bagtdan serpaý
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dürli çäreler, dabaralar, maslahatlar, sport ýaryşlary, bäsleşikler, täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler uly ruhubelentlik we şatlyk-şowhun bilen geçirilýär.
5-njy martda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Altyn nesil» köçesiniň ugrunda täze gurlan 1 sany 4 gatly 48 öýli we 1 sany 4 gatly 64 öýli hem-de mümkinçilikleri çäkli we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlarymyz üçin 1 sany 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Ajaýyp bahar baýramçylygynyň toý şatlygyny has-da belende göteren dabara Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, Aşgabat şäher we etrap halk maslahatynyň agzalary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň il sylagly ýaşululary we eneleri, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň çäginde giň gerimde alnyp barylýan binagärlik işlerine türkmen gurluşykçylary, şol sanda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň demirbeton önümlerini öndürýän kärhanalarynyň zähmetsöýer gurluşykçylary hem mynasyp goşant goşýarlar. Olaryň potratçylyk etmeginde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklary ýokary depginde ýerine ýetirilýär hem-de öz möhletinde we ýokary hilde gurlup, ulanmaga tabşyrylýar.
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda dabaraly açylyp ulanmaga berlen bu ýaşaýyş jaýlary hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň ussat gurluşykçylary tarapyndan Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda guruldy.
Gysga wagtda gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň giň we ýagty otaglarynda ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Köp gatly binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, olaryň çäklerinde ýanýodalar, elektrik, gaz, suw we lagym, aragatnaşyk ulgamlary çekilipdir. Bu ýerde çagalaryň oýun meýdançalary göz öňünde tutulypdyr hem-de gök zolaklar döredilip, dürli güller ekilipdir.
Dabaranyň myhmanlary täze öý alan bagtyýar maşgalalaryň ojagyna baryp, jaýlaryň otaglaryna aýlanyp, ol ýerde döredilen amatly şertler bilen tanyşdylar.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, paýtagtymyzyň okgunly ösýän bu künjeginde ýurdumyzda bellenilýän şanly baýramlaryň şanyna täze ýaşaýyş jaýlaryny gurup yzygiderli ulanmaga bermek indi asylly däbe öwrüldi. Şu gezekki dabara hem Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda bagtyýar ojaklaryň söýesi bolan zenanlar we olaryň agzybir maşgalalary üçin ýatdan çykmajak sowgat boldy.
Desganyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, aýratyn-da, täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden ildeşlerimiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri hemişelik üns merkezinde saklaýandygy üçin hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabarada täze desgalary bina etmekde has tapawutlanan gurluşykçylara döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Döwrebap jaýlardan paýly bolan maşgalalar täze öýleriň açarlaryny maňlaýlaryna sylyp kabul etdiler. Olar mukaddes Oraza aýynda guralan bu dabaranyň, hususan-da, mümkinçilikleri çäkli we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän maşgalalar üçin ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmeginiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe haýyrly işleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydygyny nygtadylar.
Bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylar döwrebap jaýlara göçüp gelen maşgalalary tüýs ýürekden gutlap, olara täze öýlerinde uzak ýyllaryň dowamynda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdiler.