Aýlar üstünliklere beslenýär...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 7-nji martynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde geçen iki aýda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Şonuň ýaly-da döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere garaldy.
Onda käbir beýleki meseleler bilen birlikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary hem gurluşyk we senagat toplumynda şu ýylyň ilkinji iki aýynda alnyp barlan işleriň jemi barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, hasabat döwründe toplum boýunça öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 116,9 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 126,2 göterime deň boldy. Ministrligiň sement zawodlarynda önümleriň öndürilişi 102,9 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 169,7 göterime barabar boldy. «Bäherden» sement zawodynda önümçilik meýilnamasy 131,6 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 203,4 göterime deň boldy. «Lebap» sement zawodynda alnyp barlan işleriň ösüş depgini 183,2 göterim ýerine ýetirildi we «Balkan» sement zawodynda önümiň öndürilişi hem 103,6 göterim bolup, ösüş depgini 117,9 göterime deň boldy. Gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi 158,3, göterim, keramzitiň öndürilişi 111,6 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini hem 104,7 göterime barabar boldy.
Gökdepe kän müdirliginde meýilnama 143,1 göterim ýerine ýetirildi we 110,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. Kaka kän müdirliginde önümiň öndürilişi 100,3 göterime, ösüş depgini hem 104,3 göterime deň boldy. Balkan kän müdirliginde bu görkeziji degişlilikde 100,9 göterim, ösüş depgini hem 116,6 göterim ýerine ýetirildi. Köýtendag kän müdirliginde meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 107,2 göterime, ösüş depgini hem 115,6 göterime barabar boldy. Aşgabat şäher «Demirbetonönümleri» kärhanasynda önümleriň öndürilişi 108,6 göterime deň boldy, Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» kärhanasynda önümçilik meýilnamasy 116,8 göterime, Daşoguz «Demirbetonönümleri» zawodynda 105,6 göterime we ösüş depgini hem 101,5 göterime barabar boldy. Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda işleriň meýilnamasy 189,7 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini hem 100,1 göterime deň boldy. Türkmenabat şäher «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynda gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi 100,0 göterime, ösüş depgini hem 100,1 göterime barabar boldy. Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnama 104,2 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini hem 102,7 göterime barabar boldy. Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi 105,7 göterime, onuň ösüş depgini hem 102,5 göterime deň boldy.
«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda düz aýna boýunça önümçilik meýilnamasy 110,8 göterim ýerine ýetirildi, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda önümleriň öndürilişi 103,8 göterim ýerine ýetirilip, 462,5 göterim ösüş depgini gazanyldy. Demir mehaniki kärhanasynda önümleriň öndürilişi 100,6 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 100,3 göterime barabar boldy.
Biz senagat we gurluşyk önümlerini öndürýän we ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklaryny, alnyp barylýan iri möçberli gurluşyklary hem-de ilatymyzy bu önümler bilen üpjün edýän Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynyň zähmetsöýer işgärleriniň şu şanly ýylda halkara derejesinde bellenilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna uly zähmet üstünlikleri bilen barjakdyklaryna ynanýarys.