Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň kuwwaty barha artýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde gurlan täze möhüm desga — «Bäherden» keramiki önümleri kärhanasy dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwletli tutumlarynyň ýene bir oňyn netijesidir.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ulgamyny innowasion esasda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, täze döwrebap kärhanalar gurulýar, hereket edýän önümçilikleriň kuwwaty yzygiderli ýokarlandyrylýar.

2024-nji ýylda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda «Lebap» we «Bäherden» sement zawodlarynyň her biri ýylda       1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen ikinji tapgyrlarynyň işe girizilmegi, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän ilkinji, dünýäde bolsa iň iri we döwrebap kärhanalaryň biri bolup durýan «Bäherden» keramiki önümleri kärhanasynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bina edilen bu kärhananyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaryny, şol sanda gurluşyk senagatyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. 

Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär. Biz mundan beýläk hem kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmegi dowam etdireris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda gurluşyk we senagat toplumynda uly işleriň amala aşyrylýandygyny aýratyn belledi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obalaryň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça desga hem ulanmaga berler.

Ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanmak bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu gün dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýän «Bäherden» keramiki önümleri kärhanasynyň hem, bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady.

Döwrebap kärhananyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Täze kärhana ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün eder. Kuwwatlylygy bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen kärhanada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Bu bolsa önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna, täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz kärhananyň birnäçe binadyr desgadan ybarat bolup, bu ýerde 460-a golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik, durmuş şertleriniň döredilendigini belledi hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň senagatçylarynyň geljekde hem ýurdumyzy ösen döwlete öwürmekde tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Geçirilen çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine «SACMI Imola Societa Cooperativa» kompaniýasynyň «Bäherden» keramiki önümleri kärhanasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan desga bolup, ähli inženerçilik işleriniň we kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan enjamlaryň Ýewropada hereket edýän, halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasy, şeýle hem Italiýanyň «Associazione Costruttori Italiani Macchine Attrezzature per Ceramica» kompaniýasynyň «Bäherden» keramiki önümleri kärhanasynyň ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desga bolup, kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw, saglyk we howpsuzlyk taýdan halkara güwänamalaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasy gowşuryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesdi we täze kärhananyň çäginde gurlan sergi binasyna bardy hem-de keramiki bezeg plitalarynyň, sanfaýans önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Sergi binasynda kärhananyň hünärmeni Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze kärhananyň işine ak pata bermek barada haýyş bilen ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düwmäni basyp, iri senagat desgasyny işe girizdi.   

Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kärhanada döredilen şertler we önümçiligiň tehnologik prosesi bilen tanyşdy hem-de dabaranyň ahyrynda «Bäherden» keramiki önümleri kärhanasynyň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.

Robotlaşdyrylan hem-de awtomatlaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen, 30 gektar meýdanda ýerleşýän bu döwrebap önümçilik kärhanasynyň ulanmaga berilmegi, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklary türkmen topragynyň baý çig mal binýadynda ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen şu günki açylyş dabarasy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň okgunly ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Eziz Diýarymyzda import önümleriniň ornuny tutjak hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyna uly goşant goşjak şeýle önümçilik desgasyny gurduryp berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!