Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öň yglan edilen açyk görnüşli halkara bäsleşiginiň möhleti uzaldyldy
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde ministrligiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň önümçilik sehlerinde düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini (sowuk görnüşde) geçirmek hem-de zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada yglan edilen açyk görnüşli halkara bäsleşiginiň möhleti ýene-de 30 (otuz) iş gününe çenli uzaldyldy.
Bäsleşigiň beýleki şertleri üýtgewsiz galýar.
Teklipler aşakdaky salgyda kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.
Görkezilen bäsleşigiň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2025-nji ýylyň 11-nji aprelindäki sanynda çap edildi.
Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri:
39-00-33, 39-00-17, 39-00-19, 39-00-21.