Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan açyk görnüşli halkara bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2025-nji ýylyň 12-nji aprelindäki sanynda Türkmenistanyň çäginde ýol çyzgy üçin boýaglary öndürýän önümhananyň taslamasyny düzmek we ony «doly taýýar edip» gurmak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşigi yglan edildi. 

Bäsleşige teklipler şu bildirişiň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salgyda kabul edilýär:

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.

Ýokarda kesgitlenen möhletinden gijä galnyp gowşan teklipler kabul edilmeýär we olara seredilmeýär. 

Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri:                   

39-00-33, 39-00-17, 39-00-21.