Şanly toýa guwandyryjy zähmet üstünlikleri bilen

2025-nji ýylyň 8-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň netijelerine seredilip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi we döwlet durmuşynyň möhüm wezipelerine garaldy. Mejlisde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary öz gözegçilik edýän gurluşyk, senagat we energetika ugurlarynda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde we paýtagtymyzda şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112 göterim berjaý edildi. 

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde döwlet Baştutanymyzyň berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, senagat kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, gurluşyk serişdeleriniň we beýleki gurluşyk harytlarynyň hilini hem-de möçberini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek, hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak we täze önümçilikleri ýola goýmak  boýunça ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär.

2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 116,7 göterime deň boldy. 

Tutuş ministrlik boýunça şeýle uly zähmet üstünlikleriniň gazanylmagyna onuň garamagyndaky edara-kärhanalar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hasabat döwründe «Balkan» sement zawody boýunça sementiň öndürilişi 117,4 göterime we «Bäherden» sement zawodynda hem 109,2 göterime barabar boldy. Bu zawodlarda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde 122,9 we 179,0 göterim ösüş depgini gazanyldy.  «Lebap» sement zawodynda şu ýylyň dört aýynda 483,924 müň tonna ýokary hilli sement öndürilip, ösüş depgini 163,9 göterime deň boldy. Şeýle hem tutuş ministrlik boýunça sement öndürmegiň meýilnamasy 102,4 göterim ýerine ýetirildi we 157,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Pudakda magdan däl materiallarynyň öndürilişi hem ýokary depginde alnyp baryldy. Şunda ministrligiň kän müdirlikleriniň bellenilen meýilnamalara artygy bilen hötde gelendigini bellemek bolar. Magdan däl gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň meýilnamasy Gökdepe kän müdirligi boýunça 142,0 göterime we ösüş depgini 114,0 göterime, Balkan kän müdirliginde önümçilik meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 103,1 göterime we ösüş depgini 121,7 göterime, Köýtendag kän müdirligi boýunça 109,0 göterime we ösüş depgini 112,5 göterime, Kaka kän müdirliginde hem meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 100,2 we ösüş depgini hem 103,8 götrime deň boldy. 

Ministrlik boýunça gurnama demirbeton önümleriniň öndürilişi 165,0 göterime, şol sanda Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 141,5 göterime, Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 104,4 göterime, Daşoguz şäheriniň  «Demirbetonönümleri» zawodynda 119,3 göterime barabar boldy. Şeýle hem Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda önümçilik meýilnamasy 123,9 göterim ýerine ýetirildi we 100,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. Bu görkezijiler degişlilikde Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynda 102,4 göterime we ösüş depgini 102,0 göterime, Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 105,6 göterime we ösüş depgini 102,8 göterime hem-de Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda hem 107,8 göterime we ösüş depgini 107,4 göterime barabar boldy. 

Ýanwar-aprel aýlarynda Ýaşlyk keramzit zawodynda meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 100,3 göterime deň bolup, 100,0 göterim ösüş depgini gazanyldy. Tutuş ministrlik boýunça 45,806 müň m3 keramzit öndürilip, meýilnama 119,0 göterim ýerine ýetirildi we 103,9 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Şeýle hem hasabat döwründe «Nebitmaş» döwlet kärhanasynda önümçilik meýilnamasy we ösüş depgini 100,0 göterim ýerine ýetirildi.  «Demir mehaniki» kärhanasynda bu görkezijiler degişlilikde 100,3 we 100,2 göterime barabar boldy. «Türkmendemirönümleri» döwlet  kärhanasy boýunça önümçilik meýilnamasy 101,1 göterim ýerine ýetirildi we 212,5 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle hem «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda hasabat döwründe 1 707,8 müň inedördül metr aýna önümleri öndürilip, meýilnama 105,3 göterim ýerine ýetirildi. 

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir işgärleriniň mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini we kabul eden maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly dabaralar bilen belleniljek döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny uly zähmet sowgatlary bilen garşylajakdyklaryna ynanýarys we olara üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.