Üstünlikli geçen sergi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda halkara sergileri, forumlar, maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle möhüm çäreleriň biri bolan, döwletimiziň eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan ýöriteleşdirilen sergi ýakynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde geçirildi.

Ýurdumyzda geçirilýän köp sanly ykdysady sergiler, daşary ýurtlarda guralýan türkmen sergileri halkara hil we ekologiýa howpsuzlygy güwänamalaryna eýe bolan, berkarar döwletimizde öndürilýän önümleriň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrýar. Indi «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgili önümler tutuş dünýäde tanalýan milli nyşana öwrüldi. 

Şu gezekki geçirilen sergä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalarynyň 12-si hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 50-ä golaý agzasy gatnaşdy.   

Gürgen şäheriniň Halkara sergiler merkezinde üç günläp dowam eden gözden geçiriş azyk, dokma, senagat we gurluşyk önümçiligi, himiýa senagaty, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda ýurdumyzyň gazananlary we eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak hem-de özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin amatly mümkinçilikleri döretdi. 

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysdyýetimiziň ähli ugurlaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat döredildi. Döwletimizde Türkmenistanyň milli senagatyny sazlaşykly ösdürmäge, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Önümçiligiň doly awtomatlaşdyrylmagy, hereket edýän kärhanalarda innowasion we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, olaryň esasynda bolsa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli çig mal hem-de taýýar önümleriň önümçiligi boýunça täze kärhanalaryň döredilmegi, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna zerur şertleri döredýär. 

Sergide ýurdumyzyň iri senagat düzümleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen önümler hem görkezildi. Aýratyn hem sergide görkezilen aýna we çüýşe önümleri, kompozit armatura, gipsokarton nusgalary, bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde öndürilen kompýuter enjamalary, SIM we töleg kartlary, geçiriji kabeller sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. 

Sergi Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet hem-de hususy kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli gepleşikleri geçirmäge mümkinçilikleri açdy. Goňşy ýurduň wekilleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna, eksport mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler.