Dabaraly çäre geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän ýylynda dürli çäreler, dabaralar, baýramçylyklar geçirilýär.
25-nji maýda hem eziz halkymyz Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gününi uly ruhubelentlik we şatlyk bilen belledi. Häzirki döwürde Aşgabat şäheri dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli gözel paýtagtymyzda dürli medeni-köpçülikleýin çäreler, maslahatlar, sport ýaryşlary we beýleki çäreler geçirildi. 24-25-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergisi we onuň çäklerinde halkara maslahat hem üstünlikli geçirildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň ulgamynda hem uly zähmet üstünlikleri gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hem-de Aşgabat şäheriniň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde ýetilen belent sepgitlerde gurluşyk önümçiligi pudagynyň agzybir işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde, «akylly» Arkadag şäherinde we welaýatlarda alnyp barylýan gurluşyklar hem-de ilatymyz şu ministrligiň edara-kärhanalarynda öndürilen ýokary hilli gurluşyk materiallary bilen üpjün edilýär.
25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli hem-de ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlanan gurluşyklary we ilatymyzy gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmekde görkezen göreldeli işleri, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek, pudagyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ugrunda çekýän tutanýerli hem yhlasly zähmetleri üçin Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynyň öňdebaryjy işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Dabara bu ministrligiň merkezi diwanynyň we garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabarada uzak ýyllaryň dowamynda pudagymyzda göreldeli we yhlasly zähmet çeken öňdebaryjy işgärlere ministrligiň hormat hatlary we Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylaryň we sylaglara mynasyp bolan işgärleriň çuň manyly çykyşlarynda Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek barada edýän taýsyz tagallalary, özleriniň tutanýerli zähmet çekmekleri üçin döredip berýän ähli zerur şertleri we aladalary üçin çuňňur hoşallyklary buýsanç bilen beýan edildi. Olar mundan beýläk hem ýurdumyzyň senagat taýdan has-da ösdürilmegi, berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenmegi üçin öz iş orunlarynda yhlasyny, gujur-gaýratyny gaýgyrman göreldeli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, durmuşa geçirýän tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.