AK ŞÄHERIMIZDE GAZANYLÝAN ULY ÜSTÜNLIKLERIŇ BEÝANY
Ak mermere beslenen binalary, göni, aýnanyň ýüzi ýaly, tekiz ýollary, bagtyýar ýaşaýjylary, göze gelüwli, biri-birine sazlaşýan edara we ýaşamak üçin amatly jaýlary, Merkezi Aziýanyň çäklerinde ilkinji gurlan «akylly» öýleri, owadanlygy, özboluşlylygy, köp öwüşginliligi, hemmeleri haýrana galdyrýan ymaratlary, şähergurluşyk köşgi-eýwanlary hem-de beýlekileri bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlary kitabynyň sahypalaryndan orun alan, 2013-nji ýylyň maýyndan bäri her ýylyň 25-nji maýynda döwlet derejesinde Aşgabat şäheriniň güni hökmünde baýram edilýän paýtagtymyzyň düýnüni, şu gününi açyp görkezýän, ajaýyp geljegi baradaky taslamalary arkaly örän gysga döwrüň dowamynda tanalmaz derejede özgeren, özem «Aziýanyň merjen şäheri» adyna mynasyp bolan, dünýäniň gözel şäherleriniň biri hökmünde özüni tanadan ýurdumyzyň merkezi şäherine bagyşlanyp geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIV köpugurly Halkara sergä we maslahata gelen paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem myhmanlary bu serginiň dowamynda «Aziýanyň merjen şäheri» atly ykrarnama eýe bolan eziz Diýarymyzyň paýtagtynda durmuşa geçirilýän ägirt uly gurluşyklary, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynyň öndürýän gurluşyk önümleri, Garaşsyz Türkmenistanda alnyp barylýan özgertmeler, ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň täze teklipleri we gazananlary bilen ýakyndan tanyş boldular.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz çykyşlarynda häli-şindi belleýişleri ýaly, indi durmuşymyzy sanly tehnologiýanyň hyzmatyndan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. 2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyç-tagallasy netijesinde paýtagtymyzda gurlup, ulanmaga berlen täze ýaşaýyş jaýlar toplumynda ilkinji tejribe bolan «akylly öý» taslamasynyň durmuşa geçirilendigi öz döwrüniň özboluşly täzeligi. Ondan soň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda açylyp ulanmaga berlen Arkadag şäherimiz ilkinji «akylly» şäher hökmünde hemmeleri haýrana goýan ýokary amatlykly şäher bolup taryha girdi. Elbetde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artýandygynyň, dowam edýän özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň nyşanydyr. Dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde Aşgabadyň derejesi barha berkidilip, baş şäherimiziň ösdürilmegi täzeçil şähergurluşyk syýasatymyza esaslanýar» diýip belleýşi ýaly, paýtagtymyzda geçirilen forumyň dowamynda ak mermerli Aşgabadyň, Arkadag şäheriniň, welaýatlarymyzyň gazananlaryny, ýetilen sepgitleri dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, her bir ugur boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksadyna laýyklykda guralan bu halkara sergisinde sergilenen ýokary hil derejeli gymmatlyklar munuň hakykatdan hem şeýledigini görkezýär.