Ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap awtotürgenleşik desgalary açyldy
Täze desgalar toplumlary Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalary tarapyndan guruldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ähli ugurlarda ägirt uly üstünliklere beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 29-njy iýunynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleri birleşiginiň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky şahamçalarynyň täze desgalarynyň açylyş dabaralary boldy. Döwletimiziň täze eýýamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda awtomobil pudagy ýurdumyzyň barha kämilleşýän ulgamlarynyň biri hökmünde milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berip gelýär.
Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda gurulýan dürli döwrebap binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralarynyň uly ruhubelentlik hem şatlyk bilen, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Şeýle dabaralar şanly seneler, baýramçylyk çäreleri bilen utgaşyp, döwrümizi hem-de durmuşymyzy bagtyýarlyga besleýär.
Şanly günde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň merkezinde, şeýle hem Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Mary welaýatynyň Mary şäherinde elektron enjamlar bilen abzallaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançasynyň we beýleki degişli desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Bu desgalar toplumlary degişlilikde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasy, Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» kärhanasy, Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawody, Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasy we Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasy tarapyndan «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleri birleşiginiň buýurmasy esasynda guruldy.
Bu kärhanalaryň ussat gurluşykçylarynyň guran awtotürgenleşik meýdançalary we desgalar 4 hem 5 gektar meýdanda ýerleşýärler. Desgalar toplumlarynda diňleýjiler bilen okuwlary alyp barmak, kabul edişi we synaglary geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir hem-de okuw we beýleki otaglar döwrebap derejede kompýuterler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle hem olar ýaşlaryň awtoulaglara erk etmegi, ýol hereketiniň düzgünlerini kämil öwrenmegi üçin zerur okuw esbaplary bilen üpjün edilipdir. Desgalarda edara ediş we okuw jaýlaryndan başga-da türgenleşik maýdançasy, lukmançylyk we beýleki kömekçi otaglar hem göz öňünde tutulypdyr.
Dabaralarda gutlaglar aýdylyp, çykyş edenler dabara ýygnananlary şanly seneler hem-de täze döwrebap desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Açylyş dabaralarynyň dowamynda täze binalaryň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de awtotürgenleşik desgalarynda ulanyljak ýöriteleşdirilen awtoulaglar sowgat berildi. Şeýle döwrebap desgalaryň açylyş dabaralary ýurdumyzda giňden bellenilýän ajaýyp baýramçylyk çäreleri bilen utgaşdy.
Dabaralarda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň ähli künjeklerinde şeýle desgalaryň gurlandygyny hem-de gurulýandygyny nygtap, il bähbitli beýik işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.