Bitaraplyk baýramyna zähmet üstünlikleri bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 11-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimizde gazanylan oňat görkezijileriň bellenilmegi ýurdumyzyň ähli ugurlarda ýokary depginler bilen ösýändigini görkezýär. 

Mejlisde şu ýylyň geçen döwründe ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem wise-premýerleriň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary toplumda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe gurluşyk-senagat toplumynda önümleriň öndürilişiniň we işleriň ýerine ýetirilişiniň meýilnamasy 109,2 göterim berjaý edildi. Mejlisde toplumyň ähli pudaklarynda bu görkezijileriň meýilnamalarynyň ýokary görkezijiler bilen ýerine ýetirilendigi bellenildi. Şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň berjaý edilişi 111,7 göterime deň boldy. 

Şeýle hem 12-nji iýulda geçirilen pudaklaýyn maslahatda 2025-nji ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini hem görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek hem-de import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek, eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler we bu ugurda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem edara-kärhanalarda önümleri öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi, ösüş depgininiň üpjün edilişi barada hasabatlar diňlenildi. 

Hasabat döwründe ministrligiň sement zawodlarynda 2 137,1 müň tonna sement öndürilip, meýilnama 100,1 göterim ýerine ýetirildi. Aýratyn hem Bäherden we Balkan sement zawodlarynda meýilnama degişlilikde 104,6 we 119,3 göterim ýerine ýetirilip, 172,9 we 123,0 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle hem ýanwar – iýun aýlarynda ministrligiň kän müdirliklerinde we hojalyklarynda magdan däl gurluşyk materiallarynyň jemi 5 604,3 müň metr kuby öndürildi. Esasan hem, Gökdepe kän müdirliginde meýilnama 142,5 göterim ýerine ýetirilip, 114,2 göterim ösüş depgini gazanyldy. Bu görkezijiler Kaka kän müdirliginde 100,2 we 104,4 göterime, Balkan kän müdirliginde 102,2 we 121,0 göterime, Köýtendag kän müdirliginde 113,1 we 116,9 göterime hem-de Galaýmor kän hojalygynda 100,3 we 100,3 göterime barabar boldy.  

Alty aýyň dowamynda tutuş ministrlik boýunça gurnama demirbeton önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 154,3 göterim ýerine ýetirildi. Şunda Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 17 487,0 metr kub önüm öndürilip, meýilnama 145,7 göterim, Büzmeýin etrabynyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 13 840,0 metr kub gurnama demirbeton öndürilip, meýilnama 128,1 göterim, Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda 16 291,0 metr kub gurnama demirbeton öndürilip, önümçilik meýilnama 118,1 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnama 183,3 göterim ýerine ýetirilip, 101,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle-de Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» we «Demirbetonönümleri» kärhanalarynda önümçilik meýilnamasy degişlilikde 146,9  we 176,6 göterim ýerine ýetirilip, 100,0 we 104,2  göterim ösüş depgini gazanyldy. Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda hem bu görkezijiler 233,1 we 106,4 göterime deň boldy.  

Ministrlik boýunça keramzit öndürmegiň meýilnamasy 117,8 göterime we ösüş depgini hem 102,0 göterime deň boldy. Şunda Ýaşlyk keramzit zawodynda 32,63 müň kub metr keramzit öndürlip, meýilnamanyň 110,6 göterim ýerine ýetirilendigini we 100,0 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny, şeýle-de Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 12,07 müň kub metr keramzit öndürilip, meýilnamanyň 100,6 göterim ýerine ýetirilendigini we 100,5 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny bellemek gerek. Bulardan başga-da «Nebitmaş» döwlet kärhanasynda we Demir mehaniki kärhanasynda, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda önümçilik meýilnamasy doly ýerine ýetirildi we ösüş depgini gazanyldy. Şeýle hem «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda 32 060,0 tonna sozulan metal öndürilip, meýilnamanyň 100,8 göterim ýerine ýetirilendigini we 158,4 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny görkezmek bolar.  

Maslahatda çykyş edenler şu ýylyň alty aýynda pudakda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň berkarar döwletimiziň göz öňünde tutulan maksatnamalaryna laýyklykda, üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini nygtap, geljekde-de öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamak ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.