Awazada umumadamzat ähmiýetli forumyň möhüm çäreleri üstünlikli geçirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklary, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 – 8-nji awgustynda ata Watanymyzyň gözel künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahaty ýokary derejede geçirildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça her 10 ýyldan guraýan maslahaty köp sanly syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurdaky çäreleri özünde jemleýär. Olaryň hatarynda mazmunlaýyn «tegelek stol» duşuşyklary, ýokary derejeli forumlaryň 7-sini, has takygy, Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, parlament forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, arabaglanyşyk boýunça çäräni, şol sanda gatnaşyjy ýurtlar, halkara guramalar we düzümler hem-de ýurdumyz tarapyndan geçiriljek ugurdaş çäreleri, medeni dabaralary görkezmek bolar.
Bu çäreleriň ählisi-de Türkmenistanyň ählumumy gatnaşyklara işjeň gatnaşyjy we köpugurly diplomatik ýörelgelere ygrarly bolup, Birleşen Milletler Guramasy, şol bir wagtda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösüş ýolundadygyny görkezýär. Çünki bu halkara maslahata umumylykda 600 milliona golaý ilatly 32 döwletden, şeýle-de BMG-niň agzasy bolan, gyzyklanma bildirýän beýleki ýurtlardan ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşdy. Bu bolsa, onuň ähmiýetini has-da artdyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejeli çäreleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigini alamatlandyrýar.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça forumynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki, bu gözel künjek halkara hyzmatdaşlygynyň we netijeli gepleşikleriň täze merkezine öwrüldi. Şeýle hem bu halkara maslahaty 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň şanly toýlary bilen utgaşdy.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda möhüm meseleleriň birnäçesine bagyşlanan ýokary derejedäki tematik «tegelek stollaryň» bäşisi guraldy. Olarda ylym-bilim ulgamlary we innowasiýalary diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly ugurlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan geografik çäklendirmeler, çig mallaryň önümçiligine baglylyk we dünýä bazarlaryna çykarmakdaky çäkli mümkinçilikler ýaly ykdysady kynçylyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin söwdanyň mümkinçiliklerini giňeltmek, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we sebitleýin integrasiýany goldamak hem-de söwda ýollary üçin edilýän harajatlar bilen bagly meselelere garaldy. Bulardan başga-da durnukly infrastrukturalary döretmek, kommunikasiýalaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we päsgelçiliksiz üstaşyr geçelgeleri emele getirmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin tagallalary birleşdirmek hem-de bütindünýä derejesindäki hyzmatdaşlygy ilerletmek baradaky meselelere garaldy.
Halkara forumyň çäklerinde guralan Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrleriň duşuşygy, parlament forumy, raýat jemgyýetiniň forumy, ýaşlar forumy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy, arabaglanyşyk boýunça çäre, şeýle hem maslahata gatnaşyjy ýurtlar, halkara guramalar we düzümler hem-de ýurdumyz tarapyndan guralan ugurdaş çäreler, medeni dabaralar ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli geçirildi.
8-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Onda 2024 – 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy we Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Bu iki möhüm resminama geljek on ýylda umumy tagallalar üçin ýol görkeziji bolup hyzmat eder.
Awaza forumy Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaş hökmünde BMG bilen tutuş adamzadyň abadançylygyna we durnukly ösüşine gönükdirilen ählumumy başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Şeýlelikde, hemişelik Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bu möhüm ähmiýetli forumy şanly waka hökmünde täze taryhy eýýamymyzyň ýyl ýazgysynda hemişelik orun alar.