Awaza forumyna bagyşlanan çäre

2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler jaýynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň netijeleri we ähmiýeti» ady bilen guralan maslahat golaýda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen halkara forumyň we onuň çäklerinde guralan ugurdaş çäreleriň ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlandy. Maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. 

Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen halkara maslahatyň ähmiýeti barada buýsançly gürrüň etdiler. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Awaza maslahaty ýurtlaryň arasynda köpugurly gatnaşyklary ösdürmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, geljek üçin wezipeleri we meýilnamalary kesgitlemek, kenarýaka ýurtlaryň üstaşyr mümkinçiliklerini netijeli ulanmak arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň zerurlyklaryny üpjün etmek, dost-doganlygyň merkezi hökmünde ýurdumyzy dünýä giňişliginde tanatmak üçin amatly şertleri döretdi. 

 Wekilçilikli maslahatyň çäklerinde möhüm meseleleriň birnäçesine bagyşlanan ýokary derejedäki tematik «tegelek stollar», Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrleriň duşuşygy, parlament forumy, raýat jemgyýetiniň forumy, ýaşlar forumy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy, arabaglanyşyk boýunça çäre, şeýle hem maslahata gatnaşyjy ýurtlar, halkara guramalar we düzümler hem-de ýurdumyz tarapyndan guralan ugurdaş çäreler, medeni dabaralar ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli geçirildi. 

Çykyş edenler BMG-niň bu uly ähmiýetli maslahatynyň jemleri boýunça 2024 – 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň we Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilendigini hem-de bu iki möhüm resminamanyň geljek on ýylda umumy tagallalar üçin ýol görkeziji bolup hyzmat etjekdigini bellediler.  

  Maslahatda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň halkara forumyň çäklerinde guralan çärelerde eden çuň manyly çykyşlarynyň durnukly ösüş üçin tagallalary utgaşdyrmakdaky ähmiýetine aýratyn üns çekildi. 

  Bu möhüm ähmiýetli halkara çäre Bitarap döwletimiziň halkara derejesindäki ýokary işjeňligini dünýä taryhyna ýazjak çäreleriň biri boldy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň egsilmejek buýsanjyna öwrülýär, abadan Diýarymyzda geçirilýän dürli ugurly we dürli derejedäki çäreler bolsa, ýurdumyzyň dünýäniň kuwwatly, durnukly ösýän döwletleriniň biridigini ykrar edýär. 

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.