Noutbuk kompýuterleri – körpelere ajaýyp sowgat
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dabaraly bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanda ak mekdebe ilkinji gezek gadam goýup, 1-nji synpa okuwa barýan bagtyýar körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuk kompýuterleriň sowgat berilmegi ajaýyp däbe öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp, bilimler dünýäsine ilkinji gadamyny basýan körpelerimize ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleriň gowşurylmagy, eziz Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde täze, döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine, bu ugurda üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 22-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine öz ýurdumyzda öndürilen 137 müň 54 sany noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 1-nji awgusta çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki taýdan hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy, şeýle-de «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Şondan bäri geçen döwrüň dowamynda bu ugurda depginli işler alnyp barlyp, degişli wezipeler doly ýerine ýetirildi. Döwür bilen aýakdaş gitmegi maksat edinip, döwrebaplyga we täzeçillige, ylmyň gazananlaryna esaslanýan şeýle işleriň milli hünärmenlerimiz tarapyndan ýerine ýetirilýändigi hem-de uly üstünliklere beslenýändigi örän guwandyryjydyr.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy berkarar döwletimizde sanly ulgamy ornaşdyrmaga hem-de elektron senagatyny ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar. Olar ýurdumyzda innowasion kompýuter enjamlarynyň önümçiligini ýola goýan ilkinji kärhanalaryň hatarynda durýar. 2025-2026-njy okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa barýan çagalara sowgat beriljek «Bilimli» haryt nyşanly noutbuk kompýuterleriň 68527 sanysy «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti we 68527-si hem «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhana tarapyndan öz wagtynda öndürildi.
Şu ýyl Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň bilim ojaklaryna paýlanylan noutbuklara türkmen, iňlis hem-de rus dilleri girizilip, olarda okuw maksatnamasyna degişli ähli zerur bolan öwrediji programmalaryň birnäçesi ýerleşdirildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy boýunça maksatnamalaýyn işler giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan körpelere noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmegi üçin amatly şertleriň döredilýändigini tassyklaýar.