Sergide ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri öz beýanyny tapdy

Şu ýylyň 18-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlardan, Arkadag şäherinden gelen, şeýle-de paýtagtymyzyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, işewürler gatnaşdylar. 

Serginiň açylyş dabarasynda ilki bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda mizemez türkmen döwletiniň berkararlygynyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk döwrüniň içinde gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmek maksadyndan ugur alnyp geçirilýän bu serginiň uly üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitleriň we gazanylan üstünlikleriň geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydygyny belleýär.  

Üç günläp dowam eden köpugurly gözden geçiriliş halk hojalygynyň ähli ugurlarynda soňky ýyllarda gazanylan ösüş-özgertmeleri aýdyň şöhlelendirdi. Oňa ýurdumyzyň döwlet we hususy pudaklarynda önümçilik, harytlar we hyzmatlar boýunça iş alyp barýan edara-kärhanalar hem-de beýleki düzümler gatnaşdylar. 

Gözden geçirilişde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň, innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar ýerleşdirilipdir. Şunda milli ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaryna aýratyn orun berlipdir. 

 Bu iri toplum türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly hem-de batly depginde ösýän ugry bolup durýar. Munuň şeýledigine topluma wekilçilik edýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika ministrlikleriniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň sergi bölümlerinde-de göz ýetirmek bolýar. Olarda täze ýaşaýyş toplumlarynyň, senagat desgalarynyň we beýleki infrastruktura taslamalarynyň nusgalary, innowasion işläp taýýarlamalardyr tehnologiýalar görkezilýär. Ýurdumyzda desgalaryň gurluşygynda, bezeg işlerinde ýerli howa şertlerine, ekologik kadalara gabat gelýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen ajaýyp desgalaryň binagärlik aýratynlyklary, olaryň gurluşygynda peýdalanylýan döwrebap tehnologiýalar innowasion ösüş ýoluna düşen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ägirt uly ykdysady we döredijilik kuwwatyna eýedigine şaýatlyk edýär.

 Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi we garamagyndaky senagat kärhanalary hem öz öndürýän önümleri bilen bu sergä işjeň gatnaşdy. Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan senagat we gurluşyk önümçiligi ulgamynda gazanylan üstünlikleri – bezeg daşlary, sement, magdan däl gurluşyk serişdeleri, armatura, turba, santehniki önümleri hem-de beýleki birnäçe gurluşyk materiallary bu pudagyň sergi bölüminde görkezildi.  Sergide «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy hem öz diwarlygyny ýaýbaňlandyrdy. Bu ýerde kärhanada öndürilýän dürli görnüşli, ýokary hilli aýna önümleri, aýna gaplardyr çüýşeler görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda, golaýda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyp ulanmaga berlendigini bellemek gerek. Bu kärhana ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň senagat kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.

 Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde döwrebap senagat we elektron önümlerini öndüriji bolan bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň sergi bölümi hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Bu hojalyk jemgyýetiň harytlarynyň görnüşi yzygiderli artýar. Häzirki wagtda jemgyýet ýurdumyzyň elektron senagatyny ösdürmäge uly goşant goşup, sarp edijileri senagat we elektron harytlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen işleri üstünlikli alyp barýar. Şu ýerde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň Bilimler we talyp ýaşlar gününde 2025-2026-njy okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa barýan çagalara sowgat berlen «Bilimli» haryt nyşanly noutbuk kompýuterleriň 68527 sanysyny öndürendigini hem belläp geçsek ýerlikli bolar. 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň bu sergisi  hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, pudaklara öňdebaryjy innowasiýalary ornaşdyrmak, ýerli önümlerimiziň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň mukdaryny azaltmak we eksporty artdyrmak ýaly strategik wezipeleri özünde jemleýän ykdysady syýasatynyň barha rowaçlanýandygyny görkezdi.