Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan açyk görnüşli halkara bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2026-njy ýylyň    1-nji aprelindäki sanynda ministrligiň sement zawodlary üçin aşakdaky lotlarda görkezilen harytlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşigi yglan edildi: 

          Lot №1 – «Bäherden» sement zawody üçin oda çydamly we sarp ediş materiallary hem-de ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak. 

         Lot №2 – «Balkan» sement zawody üçin oda çydamly we sarp ediş materiallary hem-de ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak. 

         Lot №3 – «Lebap» sement zawody üçin oda çydamly we sarp ediş materiallary hem-de ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak. 

         Bäsleşige teklipler şu bildirişiň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salgyda kabul edilýär:

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.

Ýokarda kesgitlenen möhletinden gijä galyp gowşan teklipler kabul edilmeýär we olara seredilmeýär. 

 Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-33, 39-00-17, 39-00-21.