XXV Halkara sergi we maslahaty «Ak şäher Aşgabat 2026»: häzirki zaman şäher özgerişine tarap ugur
Türkmenistanda hem-de halkara derejesinde möhüm oruna eýe bolan 2026-njy ýylyň 24-25-nji maýy aralygynda geçiriljek — «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV Halkara sergisiniň we maslahatynyň taýýarlyk işleri dowam edýär.
Forum binagärlik, şäher gurluşygy, senagat ösüşi we uzak möhletli şäher ösüşi meseleleri boýunça döwlet edaralary, halkara guramalar we iri kompaniýalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Çäräniň çäginde sergi, mowzuklaýyn mejlisler, BMG-niň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli “tegelek stol” we halkara işewürlik wekilleriniň gatnaşmagynda plenar mejlis geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
BMG ulgamynyň guramalarynyň — UNDP, UN-Habitat, UNECE we UNIDO-nyň gatnaşmagy çäräniň halkara derejesini tassyklaýar hem-de häzirki zaman şäher ösüşi boýunça global gürrüňdeşligiň möhüm bölegi hökmünde onuň ornuny güýçlendirýär.
Forumyň işine halkara guramalaryň, iri gurluşyk we senagat kompaniýalarynyň hem-de ekspertleriň gatnaşmagy onuň abraýyny has-da ýokarlandyrýar.
Gün tertibinde şäher ösüşini maliýeleşdirmek, infrastrukturany ösdürmek, energetika, sanlylaşdyrma we işgär taýýarlygy ýaly ugurlar bar. Esasy ugurlaryň biri — “Aşgabat 2045” strategik konsepsiýasydyr.
Has giňişleýin maglumat resmi sahypada:www.ashgabat-white-city.com