Garaşsyzlyk baýramyna zähmet üstünlikleri bilen
10-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem wise-premýerleriň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary toplumda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe gurluşyk-senagat toplumy tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 127,9 göterim berjaý edildi. Mejlisde toplumyň ähli pudaklarynda bu görkezijileriň meýilnamalarynyň ýokary görkezijiler bilen ýerine ýetirilendigi bellenildi. Şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň berjaý edilişi 132,7 göterime deň boldy.
Şeýle hem 11-nji iýulda geçirilen pudaklaýyn maslahatda 2026-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynda ýurdumyzyň gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek, senagat kärhanalaryny doly kuwwatlylygynda işletmek, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini hem görnüşlerini artdyrmak, import we eksport ugurly önümleriň öndürilişini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler we bu ugurda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem edara-kärhanalarda önümleri öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi, ösüş depgininiň üpjün edilişi barada hasabatlar diňlenildi.
Hasabat döwründe ministrligiň sement zawodlarynda 2 291,7 müň tonna sement öndürilip, meýilnama 107,3 göterim ýerine ýetirildi we 107,2 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şunda Lebap we Bäherden sement zawodlarynda meýilnama degişlilikde 112,0 we 105,9 göterim ýerine ýetirilip, 126,6 we 100,0 göterim ösüş depgini gazanyldy. Balkan sement zawodynda hem meýilnama 101,1 göterim berjaý edildi. Şeýle hem ýanwar-iýun aýlarynda ministrligiň kän müdirliklerinde we hojalyklarynda magdan däl gurluşyk materiallarynyň jemi 6 051,7 müň metr kuby öndürildi. Ähli kän müdirkilerde we kän hojalykda önümçilik meýilnamalary artygy bilen ýerine ýetirildi we ösüş depgini gazanyldy. Aýratyn hem Köýtendag kän müdirliginde meýilnama 160,0 göterim ýerine ýetirilip, 132,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Gökdepe kän müdirliginde meýilnama 139,1 göterim ýerine ýetirilip, 101,0 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Bu görkezijiler Balkan kän müdirliginde 112,6 we 116,1 göterime, Kaka kän müdirliginde 100,3 we 107,6 göterime hem-de Galaýmor kän hojalygynda 102,4 we 114,6 göterime barabar boldy. Alty aýyň dowamynda tutuş ministrlik boýunça gurnama demirbeton önümleriniň 81 555,8 metr kuby öndürildi. Şunda Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 19 252,3 metr kub gurnama demirbeton öndürilip, önümçilik meýilnama 104,9 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda we Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda önümçilik meýilnamasy degişlilikde 100,2 we 100,1 göterim berjaý edildi.
Ministrlik boýunça keramzit öndürmegiň meýilnamasy 119,5 göterime we ösüş depgini hem 101,4 göterime deň boldy. Şunda Ýaşlyk keramzit zawodynda 32,700 müň kub metr keramzit öndürilip, meýilnamanyň 109,0 göterim ýerine ýetirilendigini we 100,0 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny, şeýle-de beýleki keramzit öndürýän kärhanalarda önümçilik meýilnamasynyň doly ýerine ýetirilendigini we ösüş depgininiň üpjün edilendigini bellemek gerek. Bulardan başga-da, Gazbeton öndürýän zawodynda, «Türkmendemirönümleri» we «Nebitmaş» döwlet kärhanalarynda, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda, Demir mehaniki kärhanasynda, «Polimer önümleri» zawodynda, «Türkmenmermer» ÝGPJ-nde önümçilik meýilnamasy doly ýerine ýetirildi we ösüş depgini gazanyldy.
Maslahatda çykyş edenler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň alty aýynda pudakda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň berkarar döwletimiziň göz öňünde tutulan maksatnamalaryna laýyklykda, üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini nygtap, geljekde-de öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamak ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.