Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby hemmeleriň üns merkezinde

8-nji maýda paýtagtymyzyň iň bir owadan, göze gelüwli ýerleriniň biri bolan «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda geçirilen hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy ýurdumyzyň Gurluşyk-senagat toplumynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda geçirildi we oňa eziz Diýarymyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň hem-de ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary, işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň hem 140 ýyllygy bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilýän bu çärä gatnaşan Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Aşgabat şäher häkimliginiň abraýly işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary alty bölümden ybarat bolan bu kitabyň «Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar», «Göwni açygyň ýoly açyk», «Aşgabat — dünýä binagärliginiň merjeni» atly bölümleri, «Suw — ähli ýerde hem ýaşaýşyň çeşmesi», «Aşgabat şäherimiziň nurana ýollary», «Şäheriň aşagyndaky şäher», «Energiýa üpjünçiligi — ähli zadyň sakasy», «Oňat ýaşamagyň ilkinji şerti — oňaýly, döwrebap öýler», «Medeni hazynanyň jemlenen ýeri», «Sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri», «Binagärligiň täze nusgasy» atly bölümçeleri dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Öz döwründe göze gelüwli kerwensaraýlary, söwda dükanlarynyň hatarlary, muzeý hem kitaphana binalary, bazarlarynyň çar tarapyny bezän dal-daragtlary, owadandan üýtgeşik demir ýol menzili we beýleki ýerleri bilen adamlaryň ünsüni özüne çeken bu göze gelüwli şäheriň adynyň gelip çykyşy, Aşgabadyň ilatynyň ilki  sekiz ýüz öýlüden ybarat bolup, onuň ilatynyň sanynyň 1892-nji ýylda on üç müňe ýetendigi, bu görkezijiniň 1897-nji ýylda eýýäm on dokuz müň dört ýüz ýigrimi alty adama ýetendigi, dürli-dümen harytlardan doly dükanlarynyň we myhman kabul edýän kerwensaraýlarynyň sanlarynyň hem barha artandygy hakynda gyzykly gürrüňler berdiler.

Şu ýylyň 25-nji maýynda 140 ýyllyk ýubileýi bellenilýän ak şäherimizde ýolagçylar üçin ähli amatlyklary bolan, iň bir häzirki zaman awtobuslarynyň 400-siniň işe giriziljekdigi, şeýle hem 25-nji maýda ilkinji dünýä inen çaga ogul bolsa, onuň adyna Aşgabat ýa-da Paýtagt diýlip, eger-de gyz perzent dünýä inse, onuň adyna Merjen ýa-da Maýa diýlip at goýlup, şol gün ilkinji dünýä inen çaganyň ata-enesine bolsa, sowgatlaryň gowşuryljakdygy hakynda Gahryman Arkadagymyzyň aýdanlaryndan ugur alnyp, paýtagtymyzyň desgalarynyň birnäçesiniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlary kitabyna girizilendigi barada öz çykyşlarynda düýpli gürrüň etdiler.

Paýtagtymyzda döwrüň ösen talaplaryny ödeýän işleri amala aşyrmak babatda milli Liderimiziň ýurduň raýatlarynyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek hakyndaky yzygider aladalary öz miwesini berýär. Eziz Diýarymyzyň paýtagtyny hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek, ulag-aragatnaşyk hem inženerçilik-tehniki düzümini kämilleşdirmek, owadan şäher sazlaşygyny emele getirmek bilen bagly wezipeler birkemsiz we oňyn çözgüdini tapýar. Döwrebap awtomobil ýollaryny, estakadalary, köprüleri, ulag-ýol çatryklaryny gurmak işleri göwnejaý alnyp barylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň syýasy gurluşynyň, medeni-jemgyýetçilik aýratynlyklarynyň, ylmy-intelektual baýlyklarynyň, ykdysady institutlarynyň ähli amatlyklaryny özünde jemleýän ýeri bolan gözel paýtagtymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe görlüp-eşdilmedik derejede ösdürildi. Bular barada hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyndan mysallar getirilip, tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşanlara gyzykly gürrüňler berildi.