«Türkmen kalbynyň» mukamy — ýüz öwüşgin, müň many
Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Aşgabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasy tarapyndan gurlup, ulanmaga berlen Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň täze binasy hemmetaraplaýyn göze gelüwliligi, döwrebaplygy, halyçylaryň döredijilikli hem öndürijilikli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilenligi bilen göwünleri galkyndyrýar.
Asyl tebigat hemişe-de soň dörän, belli bir ýol geçilensoň özleşdirilen tebigatdan rüstem gelýär. Taryhyň çuňluklaryndan gözbaş alýan, gadymy «Oguznamanyň» wakalaryny, türkmen halkynyň ekerançylyk, maldarçylyk, ýazuw medeniýetlerini özüne siňdiren haly we haly önümlerimizde hem adamzat medeniýetinde mynasyp orun alan ata-babalarymyzyň däp-dessurlary, urp-adatlary, gymmatly milli ýörelgeleri barada beýan edilýän göller, keşdeler, nagyşlar, suratlar arkaly öz beýanyny tapýar. Gözelligiň dowamaty, enelerimiziň arzuw-islegleri we kalbynda dömen oý-pikirleri, arşa at salan dünýägaraýyşlary siňen haly we haly önümlerimiz okap bilene diýseň gyzykly kitapdyr diýsek öte geçdigimiz bolmazdy. 2018-nji ýylda gurluşygyna başlanyp, golaýda gurlup ulanmaga berlen Bäherden etrap merkezindäki çeper halyçylyk kärhanasy hem şeýle ýüwrük elli halyçylaryň köp sanlysyny bir ýere jemlän, geljekde dünýä belli halylaryň dokaljak ýeridir.
Ene-mamalarymyzyň mähir-yhlasyny, isleg-arzuwlaryny özüne siňdirip, dowamata uzaýan gymmatlyklarymyzyň biri bolan haly we haly önümlerimiziň mekany Bäherdende gurlan çeper halyçylyk kärhanasynyň döwrebap binasynyň ýene ýüz elli adamy iş bilen üpjün etmage mümkinçiligi bar. Iki gatdan ybarat owadan binasy bilen görenleriň ünsüni özüne çekýän bu çeper halyçylyk kärhanasynda gyz-gelinleriň döredijilikli zähmet çekmegi, dünýä belli halylary dokap uly abraýyň eýesi bolmagy üçin ähli şertler döredilendir. Bu taslamany amala aşyrmakda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk, Aşgabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanalary buýrujy-potratçy bolup çykyş eden iň bir häzirki zaman çeper halyçylyk kärhanasy gurlup, ulanmaga berildi. Gyz-gelinlerimiziň akyl-paýhas kämilliginden gözbaş alýan, älem gözelliklerini özünde jemleýän halylary dokamagy üçin kärhanada döwrebap önümçilik sehiniň, mejlisler, şepagat, suratkeşler, arhiw, sergi, usullar otaglarynyň bardygy, halyçylaryň döredijilikli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigi bizi diýseň begendirýär.
Açylyş dabarasynda haly we haly önümleriniň sergisi guralan, halyçy enelerimiziň ikinji öýüne öwrülen Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň täze binasynyň gurlup ulanmaga berilmegi öňdenem ökde halyçylar hökmünde taryhyň sahypalaryndan ymykly orun alan bu etrapda mundan beýlägem halyçylygyň şan-şöhratynyň daglar aşmagy üçin hormatly Prezidentimiziň bäherdenli halyçylara täze toý sowgadydyr.