Gurluşyk önümleri, talaplar, hil-standart...
24-25-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly ýigriminji halkara sergisi guraldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyç-tagallasy netijesinde geçirilýän bu sergi paýtagtymyzyň, şonuň ýaly-da bütin ýurdumyzyň raýatlary, myhmanlary üçin eziz Diýarymyzyň ykdysady hem durmuş ösüşleriniň ileri tutulýan wezipelerini amala aşyrmakda, sebitleriň we şäherleriň durmuş üpjünçiliginiň netijeli guralmagyna gönükdirilen tejribe we tehnologiýalar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýüregi hasaplanýan paýtagtymyzda geçirilen bu forum Aşgabat şäher häkimligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralyp, oňa kärhanalaryň hem-de beýleki düzümleriň 90-dan gowragy, şonuň ýaly hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy bu halkara çäresine nä derejede gyzyklanma bildirilýändigini görkezýär.
Bu köpugurly sergi binasynda ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky senagat kärhanalarynda öndürilýän sement, magdan däl materiallar, metal önümleri, aýna, diwar materiallary, gurnama demirbeton we iri panelli jaý gurluşyk önümleri, keramzit, kaolin, gips we maşyngurluşyk önümleri sergilendi. Ministrligiň önümçilik düzümleri bolan «Bäherden», «Balkan», «Lebap» sement zawodlarynyň, Gökdepe, Kaka, Balkan, Köýtendag kän müdirlikleriniň, Bereket, Galaýmor kän hojalyklarynyň, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň, «Türkmendemirönümleri», «Nebitmaş» döwlet kärhanalarynyň, Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri», Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri», Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri», Marynyň «Demirbetonönümleri» kärhanalarynyň, Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynyň, Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň, Ýaşlyk keramzit zawodynyň, Gazbeton öndürýän zawodyň, «Polimer önümleri» zawodynyň, Demir mehaniki kärhanasynyň, şonuň ýaly hem «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümleri bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.
«Hyundai All New Super Aero City» kysymly täze awtobuslaryň we «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulag taksileriň köp sanlysynyň paýtagtymyzyň ýoillarynda hereket edip ugran güni bolan 25-nji maýda ak şäherimiziň demirgazyk böleginde umumy meýdany 744 gektar bolan «şäheriň içindäki şäheriň» binýady goýlup, ol ýerde dürli maksatly binalaryň 240-dan gowragy gurlar. Bu gurluşyklaryň bökdençsiz üpjün edilmegi üçin «Bäherden», «Balkan» we «Lebap» sement zawodlarynda PS 500-GOK TDS 753-2015 we PS 400-GOK TDS 753-2015 kysymly portland sementleri, sulfata (duza) durnukly bolan PS-400-GOK TDS 752-2015 kysymly portland sementleri, aýna önümçiligi kärhanasynyň öndürýän, halkara bazarynda uly isleg bildirilýän önümleri bolan adam saglygy üçin zyýansyz, ýaşaýyş-durmuşyň hemme ugurlarynda ygtybarly ulanylýan ekologik taýdan arassa önümleri, has takygy ýüzi örtükli aýnalar, laminirlenen aýnalar, aýna paketleri, dürli ölçegli gaplaryň, hojalyk we lukmançylyk maksatly önümler, «float» tehnologik esasynda öndürilýän termopolirlenen dury we reňkli aýnalaryň taplanan görnüşleri sergilendi. Şeýle hem bu ýerde «Lebap» hem «Bäherden» sement zawodlarynyň gurluşygyna başlanan ikinji tapgyry sergide görkezildi. Ýakyn wagtda gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan bu zawodlaryň her biriniň bir ýyllyk kuwwatlylygy bir million tonna barabar bolar.
Bu sergide edara-kärhanalaryň demir önümlerine bolan ýokary islegini kanagatlandyrmak maksady bilen netijeli işleri durmuşa geçirýän «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň 12, 16, 18, 20, 22, 25, 28, 32 millimetr ölçegdäki gurluşyk armaturalary sergä çykaryldy. Şeýle hem paýtagtymyzyň «demirbetonönümleri» kärhanasynyň diwar materiallary, gurnama demirbeton we iri panelli jaý gurluşyk önümleri, köpboşlukly örtgi plitalary, demirbeton sütünleri, gapyrgaly basdyrma plitalary, haýatlyk plitalaryň fundamenti, ýerzemin demirbeton bloklary, demirbeton çarh daşlary, demirbeton basgançaklary, basgançak meýdançalary, ýolýaka gyra daşlary, yşyklandyryjylaryň demirbeton fundamentleri, keramzit, keramzitbeton we beýleki önümleri bu ýere gelen degişli hünärmenlerde bu gurluşyk materiallaryna diýseň uly höwes döretdi. «Nebitmaş» döwlet kärhanasy bilen bilelikde işleýän «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň dürli ölçegli (60х60, 30х40, 30х30) potolok çyralary, hasam kuwwatlylygy degişlilikde, 36, 48 we 96 wata barabar häzirki zaman önümleri, dürli görnüşli LED yşyklandyryjylary hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Şeýle önümleriň elektrik energiýasyny tygşytlaýjylygy, yşyklandyryş möhletiniň uzaklygy hem-de ekologik taýdan arassalygy we ynsan saglygyna zyýansyzlygy bilen tapawutlanýandygy bu ýere gelenlere diýseň ýarady. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Polietilen we polipropilen öndürýän zawodyň önümleriniň potolok çyralaryna esasy çig mal bolup durýandygy bu önüm bilen gyzyklanýanlara düşündirildi. Hasam «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän elektron maglumat tagtalary, şeýle hem başlangyç synplar üçin niýetlenen netbuk kompýuterleri, dürli görnüşli ýokary watly awtomobil ýollaryny ýagtylandyryjy prožektorlary adamlarda uly höwes döretdi.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde döredilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň sergä çykaran öýjükli telefonlary, smartfonlary, dürli görnüşli monobloklary, «Zemin» hem «Tolkun» brendli 55, 42 hem-de 32 dýumlyk «Smart» telewizorlary, split sowadyjylary, internet ulgamyny paýlaýjylary — routerleri, suwy sowatmaga we gyzdyrmaga niýetlenen kulerleri döwrebaplygy bilen adamlaryň ünsüni özüne çekdi.
Gökdepe, Kaka, Balkan, Köýtendag kän müdirlikleriniň we Bereket, Galaýmor kän hojalyklarynyň senagat-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, has oňaýly häzirkizaman ýaşaýyş jaýlarynyň, awtomobil hem demir ýollaryň, estakadalaryň, köprüleriň gurluşyklarynda ulanylýan önümleri bolan 5 – 20 mm., 20 – 40 mm., 40 – 70 mm. ölçegdäki daş owuntyklary, owradylyp baýlaşdyrylan çäge, çagyl-çäge garyndylary bu ýere gelenleriň bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Şeýle-de gurlusyklar üçin bezeg serişdeleri bolan Gökdepe etrabyndaky «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde öndürilýän ýokary hilli mermer önümleri ýurdumyzyň giň gerimli gurluşyklarynda isleg bildirilýän, ýokary hilli önümlerden bolup durýar. Ösen döwletleriň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu zawodyň ýokary hilli, dürli galyňlykdaky bezeg daşlary, arhitektura şekilleri, sütün üçin örtgi plitalary, ýolýaka jähek daşlary, öý ojagy, basgançaklar sergä gelenleriň ünsüni özünde jemledi.
Bu sergide Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň «Galkynyş», «Pelwert», «Saýat», «Sakar», «Dostluk» önümhanalarynyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli harytlary bolan senagat hem gurluşyk önümleri bu ýere gelenleriň göwnünden turdy. Şeýle hem bu ýerde «Polimer önümleri» zawodynda çykarylan dürli göwrümli turbalar we geçirijiler alyjylaryň ösen talaplaryny ödeýänligi, hiliniň ýokarylygy bilen adamlaryň ünsüni özüne çekdi. Zawodyň öndürýän önümleriniň esasy bölegini tutýan 16 millimetrden 315 millimetre çenli möçberli, jemi 23 ölçeg görnüşli turbalar bu ýere gelenleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şeýle hem bu ýerde kärhananyň halk hojalygynda giňden peýdalanylýan maýyşgak gurşawlary, azyk önümlerini salmaga niýetlenen bir gezek ulanylýan gaplary, bulgurlary we beýleki polimer önümleri halk köpçüliginiň ünsüni özüne çekdi.
Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny önümçilikde ýerlikli ulanyp, senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ýokary hilli önümleriň öndürilişinde belent sepgitlere ýetip, ykdysadyýeti senagat taýdan ösdürmek senagat ulgamynda zähmetiň ylym we tehnika bilen baglylykda guralmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetini berkitmekde hem-de bu babatda köpugurly ösüşleri ýola goýup, ýokary netije gazanmaga, ykdysady syýasaty ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmäge gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Gazbeton öndürýän zawodyň çig mallary we gurluşyk serişdeleri bolan kwars çägesi, sement, sönmedik hek, gips daşy ýurdumyzda uly islegden peýdalanýar. Awtoklawda 180 gradus gyzgynlykda 12 sagat saklanyp, 14 basyşdaky atmosferada garyndylaryň hasabyna çişirilen gazbeton önümi adaty kerpiçlerden 6-7 esse ýeňildir. Munuň özi binanyň umumy agramyny peseldip, onuň seýsmiki durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Ol gyşyna ýylylygy örän gowy saklaýan we tomsuna jaýlaryň içiniň salkyn bolmagyna mümkinçilik berýän, daşky gyzgynlygy içine, binanyň içindäki salkyn howany bolsa daşyna goýbermeýän, saglyk üçin ýaramly bolan gurluşyk serişdesidir. Şonuň üçin hem bu önümiň gymmaty başga we şeýle kerpiçlere sergide diýseň ýokary baha berildi.
Ýurdumyzda köp gurluşly ösen senagaty esaslandyrmakda ýerli çig mal serişdelerini ygtybarly ulanmagyň ähmiýetiniň ýokarydygyna aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini ýola goýmaga we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge ýardam edýär. Gurulýan döwrebap zawoddyr fabrikler bilen birlikde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Ýaşlyk keramzit zawody hem önüm öndürmekde halkymyzyň, raýatlarymyzyň bähbidinden, bildirýän isleginden ugur alýar. Zawodyň esasy maksady ýerli çig mallaryň hasabyna halkara ölçeglerine laýyk gelýän, ýokary hilli keramziti hem-de garamagyndaky santehniki önümlerini öndürýän sehinde santehniki enjamlary öndürmekden, içerki sarp ediş bazaryny şol harytlar bilen üpjün etmekden, edilýän hyzmatlary kämilleşdirmekden hem-de geljekde daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy özara bähbitli ugurlar boýunça ýola goýmakdan, ösdürmekden ybaratdyr. Kärhananyň keramzit çagly, keramzit çägesi gurluşyk işlerinde garyndy serişde bolup hyzmat edýär. Bu önüm ýeňil bolup, demir betonlar taýýarlanylanda ulanylýar. Olar ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işlerinde, esasan hem, iri panelli jaýlaryň daşky diwarlarynda giňden ulanylýar. Şeşle hem Ýaşlyk keramzit zawodynyň santehniki önümleri öndürýän sehi 4,24 gektar meýdanda ýerleşip, üç sany önümhanany özüne birleşdirýär. Bu önümhanalarda polietilen plýonkaly we alýumin folgaly top görnüşli basyrgy gidroizolýasion materialy bolan izogam, buýrujylaryň sargydy esasynda howa çalşyjy enjamlar, demir gözenekler, derweze, gapy, kese oturgyçlar, aýakly çyralar-torşer, hapa atylýan gaplar öndürilip, olar bu çäräniň dowamynda giňişleýin sergilendi. Şonuň ýaly-da zawodyň rezin owuntygyny öndürýän bölüminde ulanyşdan galan awtoulag tekerlerinden taýýarlanan degişli önümler görkezildi.
«Senagattaslama» instituty durmuş zerurlygy ýüze çykyp, 2001-nji ýylda döredilendigine garamazdan, ol «Administrasiýa-dolandyryş», «Gurluşyk materiallarynyň tehnologiýasy», «Gözleg we dag işlerini taslamalaşdyryş», «Toplumlaýyn taslamalaşdyryş» bölümlerini özüne birleşdirip, barlaghana, kadalaşdyryş we ylmy-gözleg, geodeziki gözleg, topografiki we markşeýder ölçegleri, dag işleriniň taslamalaşdyryş we meýilleşdiriş toparlary bilen diýseň düýpli işleri durmuşa geçirýär. Ol meýilnama esasynda gurluşyk materiallarynyň tehnologik we kadalaşdyryş resminamalaryny işläp düzmek; binagärçilik işi; inžener gözlegleri; topografiki-geodezik işler; markşeýder ölçegleri; känleriň dag parçasynyň taslamasyny işläp düzmek; meýilnama taslamasyny, dag işleriniň tehniki-iş taslamasyny işläp düzmek; materillaryň harçlanyş kadalaryny işläp düzmek; gurluşyk materiallarynyň we önümleriniň barlaghana synaglaryny geçirmek; senagat kärhanalaryň taslama-çenlik işleri; gurluşyk materiallarynyň tehnologiýasy boýunça ugurdaş ylmy-barlaglary geçirmek boýunça eýýäm özüni tanatdy we institut serginiň dowamynda alyp barýan işleri bilen sergä gatnaşyjylary ýakyndan tanyşdyrdy.