Göreldeli zähmete sarpa

Aşgabat – Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ak mermerli paýtagty, ol Aziýanyň merjen şäheri hasaplanylýar. Onuň owadan, nurana keşbinde ak arzuwlaryň, bagtly günleriň wysalyny görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, soňky ýyllarda Aşgabadyň keşbi düýpli özgerdi. Aşgabadyň şu günki ýeten derejesi, gözel görki agzybir halkymyzyň mermer paýtagtymyza bolan egsilmez söýgüsiniň, zehin-yhlasynyň miwesidir.

Parahatçylygy dörediji, halkara çäreleriň geçirilýän sebit merkezi bolmak bilen, gözel paýtagtymyz özboluşly binagärlik taslamalary boýunça döredilen köp sanly dolandyryş, önümçilik, işewürlik, maliýe, ylym-bilim, medeniýet, lukmançylyk, sport, syýahatçylyk, söwda, dynç alyş merkezlerini, ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki desgalary öz içine alýar. Aşgabadyň özboluşly ajaýyp desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna   11 gezek girizilendigi türkmen halkyny buýsandyrýar. 

Aşgabat şäherini ýokary depginler bilen ösdürmegiň konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň amatly şertleri döretmekde, paýtagtymyzy dünýä ýalkym saçýan, iňňän owadan şähere öwürmekde ýurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp paýy bar. Şoňa görä-de, Aziýanyň dür-merjenine öwrülen paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli Arkadag Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, golaýda şäheriň «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda geçirilen dabarada watandaşlarymyzyň ençemesiniň döwlet sylaglary, hormatly atlar bilen sylaglanmagy bu ugurda çekilýän göreldeli zähmete goýulýan belent sarpanyň nobatdaky beýany boldy. Köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, gazanan ýokary netijelerini we hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli sylaglananlaryň arasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň hem bolmagy pudagyň işgärlerini begendirdi. 

Aýratyn hem hormatly Prezidentimiziň Permany bilen ministrligiň «Zarba» ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasynyň baglara ideg etmek boýunça işçisi Ýagşygül Ilamanowanyň, «Senagattaslama» taslama institutynyň işgärler bilen işleýän baş hünärmeni Madina Konirowanyň, «Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň Kabel önümlerini öndürýän esasy sehiniň ussasy Sylap Amangeldiýewiň, Büzmeýin etrabynyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň Armatur sehiniň enjamda armatur eredijisi Çarysähet Döwletowyň, Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň baş inženeri Meýlismyrat Garajaýewiň «Watana bolan söýgüsi üçin» atly medal bilen sylaglanmagy hem-de «Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki bölüminiň esasy hünärmeni Amangeldi Hojaýewe «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly adyň dakylmagy hemmämizde buýsanç duýgularyny döretdi we geljekde hem uly zähmet üstünliklerine ýetmäge ruhlandyrdy.

Döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolanlaryň ählisi özleriniň çeken zähmetleri üçin beren ýokary bahasy üçin Arkadag Prezidentimize köp sagbolsun, egsilmez alkyş aýtdylar we mundan beýläk hem yhlasly hem göreldeli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.