Türkmenistanyň wekiliýeti ХХIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus toparynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 3-4-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda bolup, ХХIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy forumyň tematiki mejlisinde gyzyklanma bildirýän taraplar bilen uzakmöhletleýin, köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny tassyklady we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.
Häzirki döwürde dostlukly, netijeli we strategik häsiýete eýe bolan döwletara türkmen-rus gatnaşyklary täze mazmuna eýe bolýar. Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine hem-de taryhy taýdan ýola goýlan gatnaşyklaryň esaslaryna daýanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy forumyň mowzuklaýyn mejlisinde eden çykyşynda maslahata gatnaşyjylary ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn şähergurluşyk konsepsiýasynyň maksatlary we esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de mejlisde şäheriň ösüşiniň wajyp meýilleri hem-de umuman, uzak möhletleýin meýilnamalaşdyryşyň döwletiň we şähergurluşyk işewürliginiň özara gatnaşyklary nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýetli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda şäherleriň ösüş derejesiniň adamlaryň maddy we ruhy ýagdaýy, olaryň daşky gurşaw bilen sazlaşygy hem-de işewürligi arkaly durmuş hiliniň arasyndaky deňeçerlik, saglygy we durmuş taýdan özüni duýşy ýaly toplumlaýyn şertler bilen kesgitlenýändigini we bu anyk, oňyn meýilleriň şäher durmuşynyň sazlaşygynda kemala gelýändigi barada durup geçdi.
Şu ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze, iri ýaşaýyş toplumy bolan «Aşgabat-sitiniň» gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Ýakyn ýyllarda umumy meýdany 744 gektar bolan çäkde dürli maksatly desgalaryň 200-den gowragyny özünde jemleýän taslama amala aşyrylar. Onda adamlaryň amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli zerur şertler dörediler. Şeýle hem Türkmenistanyň wekilýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda toplumlaýyn şähergurluşyk konsepsiýasynyň beýleki wajyp meseleleri barada durup geçdi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşygynyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda senagat ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem forumyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň «Obýedinýonnaýa sudostroitelnaýa korporasiýa» paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, baş direktory Alekseý Rahmanow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara rus-türkmen toparynyň başlygy Alekseý Owerçuk bilen duşuşdy.
Duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň ähli ugurlar boýunça möhüm gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge üýtgewsiz gyzyklanmalary beýan edildi. Şeýle hem ulag, energetika, senagat, maliýe ýaly özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.