Ösüşler, ýeňişler, zähmet üstünlikleri
Gahryman Arkadagymyzyň: «Ata Watanymyzy senagat taýdan ösen, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmegi biz öz öňümizde belent maksat edip goýduk» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary döwrebap ýerine ýetirmekde, eksporty düýpli ösdürmekde we onuň çägini giňeltmekde gurluşyk-senagat toplumynda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Munuň hakykatdan-da şeýledigi hakynda şu ýylyň 4-nji iýunynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem düýpli gürrüňler edildi. Onda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary 2021-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda gurluşyk-senagat toplumynda önüm öndürmek hem hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnamanyň 130,3 göterim ýerine ýetirilendigi, ulgamyň ösüş depgininiň 118,2 göterime barabar bolandygy hakynda hormatly Prezidentimize hasabat berdi.
Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önüm öndürmegiň, şonuň ýaly-da işleri ýerine ýetirmegiň hem-de hyzmatlar boýunça meýilnamanyň 124,6 göterim ýerine ýetirilendigi, onuň ösüş depgininiň 119,5 göterime deň bolandygy ählimiz üçin guwandyryjy ýagdaýlaryň biridir. Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalardan Balkan kän müdirligi boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 113,1 göterime, ösüş depgini 111,5 göterime, Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda bu görkezijiler 148,9 göterime, onuň ösüş depgini hem 133,3 göterime barabar boldy. Büzmeýin etrap «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnama boýunça önümleriň öndürilişi we işleriň ýerine ýetirilişi 199,6 göterime, ösüş depgini hem 163,5 göterime deň boldy. Daşoguz şäher «Demirbeton öndürýän zawodynda» meýilnama boýunça işleriň ýerine ýetirilişi 142 göterime, ösüş depgini hem 140 göterime barabar bolan bolsa, Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnama boýunça önümleriň öndürilişi we işleriň alnyp barlyşy 163,6 göterim ýerine ýetirildi we 148,1 göterim hem ösüş depgini gazanyldy. «Polimer önümleri» zawodynda meýilnama boýunça önümleriň öndürilişi we ýerine ýetirilen işler 244,7 göterim ýerine ýetirilen bolsa, ösüş depgini 249,2 göterime barabar boldy. «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda işleriň ýerine ýetrilişi 138,9 göterim bolup, kärhananyň ösüş depgini 142,5 göterim ýerine ýetirildi.
Ministrligiň edara-kärhanalarynda ýanwar — maý aýlarynda magdan däl gurluşyk materiallarynyň öndürilişi hem 113 göterime, ösüş depgini 105 göterime barabar boldy. Bu ugurda Kaka kän müdirliginde meýilnama boýunça magdan däl önümleriň öndürilişi 129,4 göterim ýerine ýetirildi, bu müdirligiň ösüş depgini 115,2 göterim boldy. Gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi 114,6 göterime, beýleki önümleriň öndürilişi hem 103,4 göterime barabar boldy. Marynyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnamalaýyn borçnama 110,3 göterime ýeten bolsa, onuň ösüş depgini 103,2 göterime deň boldy. Türkmenabat şäher «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynda işleriň ýerine ýetirilişi 110,4 göterim, ösüş depgini hem 105,3 göterim boldy.
Şeýle ýokary ösüşler, gazanylýan üstünlikler bilen bizi begendirýän edara-kärhanalaryň zähmetsöýer işgärlerine mundan beýlägem rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.