Sementiň täze görnüşiniň çykarylmagy ugrunda...

        Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly Baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da berkidilýär, ylmyň gazananlarynyň, innowasiýa tehnologiýalarynyň hem-de öňdebaryjy tejribeler esasynda ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary birkemsiz ýerine ýetirmekde, eksporty düýpli ösdürmekde we onuň çägini giňeltmekde gurluşyk-senagat toplumynda uly işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 11-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde munuň hakykatdan hem şeýledigi hakynda düýpli gürrüňler  edildi. Mejlisde eziz Diýarymyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary hormatly Prezidentimize bu ugurda durmuşa geçirilýän işler, hususan-da, sementiň täze görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýluşy, kärhanalaryň öndürijiligini ýokarlandyrmak barada alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde önümçiligiň çäklerini giňeltmek, hilini ýokarlandyrmak, görnüşlerini artdyrmak, importyň ornuny tutýan,  eksporta iberilýän gurluşyk harytlaryny öndürmek boýunça düýpli işler geçirilýär. Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän gurluşyklar, halk hojalygynyň dürli ugurlary boýunça gurluşyk serişdelerini öndürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak barada döwrebap kärhanalary gurmak we ulanmaga bermek, ýerli çig mal serişdeleriniň hasabyna önüm öndürmek we beýlekiler babatda öňde duran wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmek boýunça düýpli işler ýerine ýetirilýär. Senagat pudagynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary bolan bazalt porfiritleri hem-de opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligini ýola goýmak boýunça wezipeleri ýerine ýetirmek gaýra goýulmasyz wezipeleriň biridir. Elbetde, «Balkan» kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň «Ufra» ýatagy, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak meýdançasynyň dag jynslary bu önüm üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Şeýle mineral daşlary özleriniň fiziki hem himiki häsiýetleri boýunça beýleki çig mallardan tapawutlanyp, olar ýokary derejeli sement öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýär. 

 Häzirki wagtda ministrligiň düzüminde hereket edýän sement zawodlary ýurdumyzyň senagat ulgamynyň ösüşine netijeli goşant goşýan ygtybarly pudaklaryň biri bolan «Bäherden», «Balkan» we «Lebap» sement zawodlarynda täze, innowasion tehnologiyalaryň esasynda dünýä standartlaryna laýyk gelyän sement önümleri öndürilýär. Uly isleg bildirilýän sement önümçiligine gönükdirilen bu iri zawodlaryň önümleri bilen häzirki döwürde tutuş ýurdumyzda alnyp barylýan iri möçberli gurluşyklar üpjün edilýär.Ýurdumyzyň sement zawodlarynda TDS 751-2015, TDS 752-2020, TDS 753-2020 bellenen talaplara laýyklykda, PS 500 G0-K, PS-500-G5-K, PS 500-G20-K, PS 400-G0-K, PS 400-G20-K, SDPS 400-G0-K markaly portlandsement önümleri öndürilýär. «Türkmenistanda öndürildi» belgili sement önümlerine diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem halkara bazarlarynda-da ýokary isleg bildirilýär. Bu sement zawodlarynyň önümleri Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň üsti bilen satuwa çykarylýar.