Döwrüň talaby: gurluşyklar üçin zerur serişdeler...
Döredijilikli durmuşyň, hemmetaraplaýyn rowaçlyklaryň, ajaýyp gurluşyklaryň mekany bolan Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagty desga gurluşyklarynyň giň gerimde alnyp barlyşy, döretmegiň kämil derejesi, özboluşly binagärlik sungatynyň durmuşa geçirilişi boýunça Türkmenistanyň at gazanan arhitektory atly hormatly adyň eýesi Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy örän adalatlylyk bilen dolandyrýan döwründe has-da ýokary ösüşlere eýe bolýar. Täsinliklere baýlygy, jaýgurluşyk aýratynlyklary boýunça paýtagtymyzyň on bir gezek, şol sanda 2013-nji ýylda ak mermerli binalaryň iň köp sanlysynyň bir ýere jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlary Kitabyna girizilendigi munuň hakykatdan hem şeýledigini görkezýär. 15-nji iýunda Mähriban hem Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarynyň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri öz ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarda gurluşyk önümleriniň öndürişiniň häzirki ýagdaýy, hususan-da, Bäherden, Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň barşy, sement zawodlarynyň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk döwrebaplaşdyrylyşy, bu ugurdan alnyp barylýan işleriň netijeleri hakynda hormatly Prezidentimize hasabat berdi.
Häzirki günde ministrligiň önümçiliginiň çäklerini giňeltmek, ýokary hilli önüm öndürmek, önümleriň görnüşlerini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyply, eksporta ibermäge degişli gurluşyk harytlaryny öndürmek boýunça işleriň ýokary depginde alnyp barlyşy diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr. Garaşsyz Diýarymyzda düýpli gurluşyklar durmuşa geçirilýär, ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça gurluşyk serişdeleriniň öndürilýär, häzirki zaman tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrylýar, döwrebap kärhanalar, hususan-da, täze sement zawodlary gurulýar, öňden bar bolanlarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça işler giň gerimde, ýokary depginde alnyp barylýar. Ýerli çig mal serişdeleriniň hasabyna önümleriň öndürilişi we beýleki işleriň guralyşy bizi diýseň begendirýär. Häzirki döwürde sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary bolan bazalt porfiritlerini hem-de opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýulýar. Şeýle hem ýurdumyzyň senagat ulgamynyň ösüşine mynasyp goşant goşýan «Bäherden», «Balkan» we «Lebap» sement zawodlarynda täze, innowasion tehnologiyalaryň esasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän sement önümleriniň TDS 751-2015, TDS 752-2020, TDS 753-2020 bellenen talaplara laýyklykda, PS 500 G0-K, PS-500-G5-K, PS 500-G20-K, PS 400-G0-K, PS 400-G20-K, SDPS 400-G0-K markaly portlandsementiň öndürilýändigini buýsanç bilen bellemek bolar.