«Çagalar dünýäsiniň» goýnunda...
Golaýda hormatly Prezidentimiziň başlangyç-tagallasy netijesinde şu ýyl Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Kerki şäherinde Halkara howa menzili, Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasy, Farap etrap merkezinde hem «Çagalar dünýäsi» çagalar medeni-dynç alyş merkezi gurlup ulanmaga berildi.
Türkmenabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň buýurmasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Jemşidiň jamy» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan bu medeni-dynç alyş merkeziniň çäginde çagalar şäherçesi, attraksionlaryň 11-si, saýaly dalbarlaryň 5-si, 24 oturgyçly aýlanýan karusel, 4 wagonly, 16 orunly awtootly, çagalar üçin uçar hem dikuçar, çalt galdyrylyp-düşürilýän “minara”, 46 orunlyk çaýhana, iň bir häzirki zaman söwda dükanlarynyň 2-isi bu ýere gelýänleriň hyzmatynda goýlandyr. Türkmenabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasy tarapyndan baş potratçynyň wezipesi, «Jemşidiň jamy» hususy kärhanasy tarapyndan hem kömekçi potratçynyň wezipesi ýerine ýetirilen «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezi 1,5 gektar meýdany öz içine alýar we onda çagalaryň medeni taýdan birkemsiz dynç almagy üçin ähli şertler döredilendir.
Hawa, nesiller hakyndaky alada Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nurana geljeginiň kepili. Bagtyýar çagalaryň şadyýan sesleriniň, gülküleriniň ýaňlanyp durmagy olaryň sagdyn durmuşyna, döwrebap bilim-terbiýe berilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.