Pudaklaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasy strategiýada dünýäniň ähli döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meselesine aýratyn üns berilýär. Soňky döwürde hil taýdan täze derejä çykarylan şol gatnaşyklary giňeltmekde we pugtalandyrmakda ikitaraplaýyn geçirilýän duşuşyklara, sanly wideoaragatnaşyk arkaly guralýan maslahatlara we gepleşiklere möhüm orun degişlidir.
Ine, 6-njy iýulda hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Ý.D.Grigorýew we bu ýurduň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Diwanynyň ýolbaşçysynyň orunbasary bilen ministrligiň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri hem-de rus tarapynyň wekilleri Türkmenistanyň we Russiýanyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan netijeli gatnaşyklarynyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Olar senagat pudagynda we beýleki ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlygyň toplanylan baý tejribesini nazara almak arkaly, türkmen-rus gatnaşyklarynyň has-da ösdürilýändigini bellediler.
Duşuşyga gatnaşyjylar senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy boýunça ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtmak bilen, geljekde bu ugurda bilelikdäki iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Öz nobatynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Russiýanyň «Balakowa metallurgiýa zawody» paýdarlar jemgyýeti, «KAMAZ FTS CORP. LLP» kompaniýasy, Bardin adyndaky gara metallaryň Merkezi ylmy-barlag instituty ýaly kärhanalar bilen senagat we gurluşyk önümçiligi babatynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigini aýtdy we özleriniň olar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýlägem dowam etdirmäge taýýardyklaryny höwes bilen belledi.
Duşuşyga gatnaşyjylar giň gerimli taslamalara maýa goýumlary çekmek, senagat we şähergurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak we tejribelik okuwlary guramak ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda dostluk we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.