Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
«Birligiň manysy bir adama gulak asmak, her bir işe başlamazdan öň güýçleri bir ýere jemlemek, bir bitewülige öwrülip, jemgyýet bolup iş alyp barmak. Birligiň aňrysynda agzybirlik bar. Agzybirligiň özeni bir-birege hormatly çemeleşmek, dostuňy, ýakynyňy we beýlekileri söýmek, özüňi süýt bileniňde-de, olary gaýmak bilmek arkaly agzybirlikde bir işiň başyny tutmak. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly dürler hazynasynyň «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi» atly bölüminde: «Zeminiň abatlygy — dünýäniň owadanlygy, tebigy deňagramlygyň hemişelik saklanmagy. Oguz han öz ogullarynyň ady bilen Zeminiň abatlygynyň senasyny ýazypdyr. Çünki Gün topraga ýylylyk çaýmasa, Aý şuglasy bilen gijeleri ýagtyltmasa, Daglar «ýeriň myhy» bolup, Deňizler ýeriň süňňüne jan bermese, Ýyldyzlar ýaldyrap Gökdäki ýagtylykdan Ýere nur çaýmasalar, dünýäde, neneň owadan durmuş bolsun?!» diýip belleýär. Meşhur Görogly: «Bidöwleti baga salma, alma diýseň, nar getirer» diýýändir. Ýene: «Döwletliden döwlet ýokar» diýýändir ata-babalarymyz. Pyragy şahyr: «Magtymguly, iller her ýana bakar, bu ne gudrat işdir suwdan ot çykar, döwletli oguldan rehnet arygy akar, lagnatkerde ogul boldy-bolmady» diýýändir. Bu aýdylanlaryň manysyny tirip, çaga terbiýesi babatda iş alyp barmak hemmämize degişlidir» diýip, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara binasynda bu ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri bilen geçirilen «Arkadagyň baş taglymaty: Sagdyn jemgyýetiň berkararlygy» atly öwüt-nesihat çäresinde çykyş edenler bellediler.
Şu ýylyň 7-nji iýulynda ministrligiň mejlisler jaýynda geçirilen bu çärede sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde, onuň berkararlygynyň üpjün edilmeginde hormatly Prezidentimiziň döwlet möçberinde, halkara derejesinde alyp barýan işleri, ýazan, il-ulusa peşgeş beren kitaplary, Garaşsyz Türkmenistanyň nesilleriň saglygyny goramak, ýurdumyzda çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny, birkemsiz ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, BMG-niň Çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşulandygy, eziz Diýarymyz bilen ÝUNISEF, BSGG ýaly düzüm birlikleriniň arasynda eneleriň, çagalaryň hem-de ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça uzak möhletleýin maksatnamalaryň hereket edýändigi hakynda durlup geçilip, olaryň netijesi hakynda hem giňişleýin gürrüň berildi.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň guramagynda geçirilen bu çärede Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy M. Haitow, Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri R. Allaberdiýew, Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň başlygy R. Salamatow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy E. Kösäýew we beýlekiler çykyş edip, olar sagdyn jemgyýetiň berkararlygyny üpjün etmekde, çaga terbiýesinde ýazyjy-şahyrlaryň, ata-eneleriň, mugallym-terbiýeçileriň orunlary, edep-terbiýede çagany höweslendirmegiň, ynandyrmagyň usullary, ata-babalarymyzyň bilim-terbiýe babatdaky atabeglik mekdebi, ýokary hem orta okuw mekdepleri we beýlekiler hakynda düýpli mysallar getirmek arkaly ynandyryjy gürrüň berdiler. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda nesil terbiýesi, sagdyn jemgyýetiň berkararlygy hakynda alnyp barylýan işler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlar aýtdylar.