Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy: batly gadamlar
9-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we amala aşyrylýan işlere baha berildi, Türkmenistanyň Prezidentiniň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiziň «Senagat toplumy halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň öňbaşçysy bolmalydyr, çünki ol pudaklaryň geljekki ösüşi üçin binýat bolup durýar» diýip belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde ýurdymyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini we görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek, şeýle hem daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň sanyny we görnüşlerini köpeltmek boýunça ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär.
2021-nji ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 124,6 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 118,7 göterime barabar boldy.
Tutuş ministrlik boýunça şeýle uly zähmet üstünlikleriniň gazanylmagyna garamagyndaky edara-kärhanalar mynasyp goşant goşdular. Hasabat döwründe Büzmeýin etrabynyň «Demirbetonönümleri» zawodynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 183,4% ýerine ýetirildi we 160,3% ösüş depgini gazanyldy. Ministrligiň Aşagabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynda bu görkezijiler degişlilikde 178,2% we 153,4%, Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 167,2% we 153,4%, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda 135,8% we 141,2%, «Demir mehaniki» kärhanasynda 132,1% we 132,8%, barabar boldy.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir işgärleriniň mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini we kabul eden maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uly dabaralar bilen bellenilýän döwletimiziň baş baýramyny – Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny uly zähmet sowgatlary bilen garşylajakdyklaryna ynanýarys we olara üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.