«Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar»
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň raýatlarynyň, edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda ruhy taýdan kämil, giň gözýetimli, sagdyn bedenli, belent ynsanperwerligi özüne ýaran edinen adamlary ösdürip ýetişdirmek, şolaryň hasabyna jemgyýetiň kämilligini üpjün etmek hemişe-de gaýragoýulmasyz meseleleriň biri bolup durýar. 2021-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Mejlisler zalynda geçirilen «Bagtyýar nesil — bagtyýar Watan!» atly wagyz-nesihat çäresinde hem ýokarky aýdylanlardan ugur alyndy. Bu öwüt-ündew çäresinde çykyş edenler özüňden ulyny sylamak, kiçini söýmek, ata-enäni arzylamak, ahlak arassalygy, ruhubelentlik, türkmençilik hakynda jikme-jik gürrüň etdiler.
Hormatly Prezidentimiz: «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz şeýle hem: «Ilatymyzyň uçdantutma ählisiniň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeginde kadaly iýmitlenmegiň, zyýanly endiklerden daş durmagyň, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmagyň, ruhy sagdynlygyň, arassa howada işjeň hereket etmegiň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyň saglygyň esasy girewiligi ýiti düşünjelilik bilen özleşdirilmelidir» diýip, bedenterbiýäniň saglygyň girewidigi, ot-çöpleriň dermanlyk häsiýetleri, aýdym-saz bilen dertleriň dep edilişi, ippoterapiýanyň-at münmegiň peýdasy, sagdynlyga nepiniň degşi hakynda meşhur kitaplarynda giňişleýin gürrüň berýär. Öwüt-nesihat çäresinde çykyş eden Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň wekili A. Göjenowa, eziz Diýarymyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri E. Orazowa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň Maliýe, ykdysadyýet we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy M. Geldiýew we beýlekiler bular barada jikme-jik durup geçdiler.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň guramagynda geçirilen «Bagtyýar nesil — bagtyýar Watan» wagyz-nesihat çaresinde çykyş eden Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň iş dolandyryjysy B. Meredow edep kadalary, durmuşa akyl ýetirmegiň tärleri, ata-enäni sylamagyň talaplary dogrusynda gürrüň beren bolsa, Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň başlygy R. Salamatow hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabyndan, meşhur ýazyjy F. Dostoýewskiniň «Jenaýat we jeza» eserinden durmuşy tymsallary getirmek bilen, Watan gymmatlygy, dana ata-babalarymyzyň ýurt goragynda görkezen gahrymançylyklary, olaryň çaga terbiýesine täsiri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem bu çärede sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde, onuň berkararlygynyň üpjün edilmeginde hormatly Prezidentimiziň döwlet möçberinde, halkara derejesinde alyp barýan işleri, ýazan, il-ulusa peşgeş beren kitaplary barada çykyş edenler düýpli gürrüňler berdiler.