Bagtyýarlyk döwri: gurluşyklar, täze jaý toýlary...
Ýurdumyzda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan, ynsanyýetiň belent ruhy hem ahlak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan milli Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde, has takygy 2021-nji ýylyň 21-nji iýulynda Daşoguz şäheriniň öňdenem owadan görnüşine sazlaşýan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň hem-de täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi, özem şeýle ajaýyp binalaryň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimizuň hut Özüniň ak pata bermegi ynsan köňüllerimizi heýjana getirdi. Üç gektardan gowrak meýdanda bina edilen dört gatly ýaşaýyş jaýlar toplumynda binalaryň bir bada on bäşisiniň gurlup ulanmaga berilmegi, toplumda durmuş düzümine degişli möhüm desgalaryň — çagalar üçin oýunlar meýdançalarynyň göz öňünde tutulandygy, jaýlaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylandygy ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň ýönekeýje subutnamasydyr.
Gurlup ulanmaga berlen jaýlaryň bäşisi Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawody tarapyndan bina edildi. Täze jaýa göçüp gelen köp çagaly bagtyýar maşgalanyň çakylygy boýunça Gahryman Arkadagymyz bagtly jaý eýeleriniň öýünde myhmançylykda boldy. Jemi on üç çaganyň-sekiz ogluň, bäş gyzyň ata-enesini jaý toýy bilen gutlan hormatly Prezidentimiz olara öz sowgatlaryny gowşurdy hem-de täze öýde bagtly ýaşamagy, maşgala abadaçylygyny, saglyk we rowaçlyklar arzuw etdi.
Şol günüň ertesi Daşoguz şüher çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag etrap önümhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu haly önümleri kärhanasynyň baş potratçysy bolan Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynyň guran täze binasy hemmetaraplaýyn göze gelüwliligi, döwrebaplygy, halyçylaryň döredijilikli hem öndürijilikli işlemegi üçin ähli amatlyklaryň döredilenligi bilen göwünleri galkyndyrýar.
Taryhyň çuňluklaryndan gözbaş alýan, gözelligiň dowamaty, enelerimiziň arzuw-isleglerini özünde jemleýän, olaryň arşa at salan dünýägaraýyşlaryny özüne siňdiren haly we haly önümlerimiz okap bilene diýseň gyzykly kitapdyr diýsek öte geçdigimiz bolmazdy. Öz wagtynda gurluşygyna başlanyp, bellenen tertipde hem gurlup ulanmaga berlen Gubadag etrap merkezindäki çeper halyçylyk kärhanasy hem şeýle ýüwrük elli halyçylaryň onlarçasyny bir ýere jemlän, geljekde dünýä belli halylaryň dokaljak ýeri hökmünde täze, iki gatdan ybarat häzirki zaman edara binasy, bir gatdan ybarat önümçilik binalary bilen adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Haly önümçilik kärhanasynyň gurluşygynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynyň gurluşyk materiallaryndan peýdalanyldy.