«Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin»
Halal zähmet çekip, maksatlary myrat tapýan, işlemegi, dynç almagy utgaşykly alyp barýan, durmuşyny isleg-arzuwlaryna görä guraýan ildeşlerimiziň ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň zähmetsöýer iliniň niýetine laýyklykda bedew bady bilen öňe barýar we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýagşylyklary ýaran edinýän halkymyz dünýä barylýan ýolda çagalarynyň terbiýesine hem uly üns berýär. 2021-nji ýylyň 4-nji awgustunda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler jaýynda geçirilen «Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin!» atly wagyz-nesihat çäresinde ata-enäniň çaga terbiýesindäki orny, perzendiň ata-enäniň öňündäki borçlary, öz-özüňe erk etmegiň edebi, maşgala jebisligi, dünýä, barlyga akyl ýetirmegiň tärleri, eşretli durmuşa ýetmegiň kadalary, maşgalada, üstünliklere alyp barýan ýollarda edebiýatyň, söz sungatynyň artykmaçlyklary hakynda düýpli gürrüňler edildi.
Agzybirligiň özeni, raýatlaryň bir-birege hormatly çemeleşmegi, dostuňy, ýakynyňy we beýlekileri söýmek, özüňi süýt bileniňde-de, olary gaýmak bilmek arkaly agzybirlikde bir işiň başyny tutmak. Her bir işde akyl-paýhasa daýanmak, duýgy-düşünjäňi ösdürmek, Görogly serkerdäniň: «Bidöwleti baga salma, alma diýseň, nar getirer» diýen öwüt-ündewiniň many-mazmuny, ata-babalarymyzyň «Döwletliden döwlet ýokar» diýen nakylyndan gelip çykýan durmuş ýörelgeleri hakynda çykyş edenler gyzykly gürrüňler berdiler. Şeýle hem Pyragy şahyr:
Döwletli oguldan rehnet arygy akar,
lagnatkerde ogul boldy-bolmady
diýýändir. Bu aýdylanlaryň manysyny tirip, çaga terbiýesi babatda iş alyp barmak hemmämize degişlidir diýip, ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri bilen geçirilen «Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin» atly wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler bellediler. Şeýle hem çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň çaga terbiýesi, nesilleriň belent ynsanperwer adamlar bolup ýetişmegi hakynda alyp barýan işleri dogrusynda düýpli gürrüňler edildi.
Bu çärede çykyş eden ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty B. Baýlyýew, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzasy E. Täşliýew, IIM-niň wekilleri, polisiýanyň maýorlary T. Abdyllaýew, J. Pygyýew, Baş prokuraturanyň işgäri A. Hydyrow, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň iş dolandyryjysy B. Meredow we paýtagtymyzyň 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany O. Rejebowa sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde, onuň berkararlygynyň üpjün edilmeginde hormatly Prezidentimiziň döwlet möçberinde, halkara derejesinde alyp barýan işleri, ýazan, il-ulusa peşgeş beren kitaplary, Garaşsyz Türkmenistanyň ýaş nesliň saglygyny goramak, ýurdumyzda çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny, birkemsiz ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, BMG-niň Çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşulandygy, eziz Diýarymyz bilen ÝUNISEF, BSGG ýaly düzüm birlikleriniň arasynda eneleriň, çagalaryň hem-de ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça uzak möhletleýin maksatnamalaryň hereket edýändigi hakynda durup geçip, olaryň netijesi hakynda hem giňişleýin gürrüň berdiler.