DOSTLUKLY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE TAPGYRY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dünýäniň ähli döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. 

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda goňşy döwletler, ylaýta-da, Täjigistan Respublikasy bilen köptaraply hyzmatdaşlyk saklaýar. Muňa Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmegi hem şaýatlyk edýär. 

4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Geçirilen duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň iki döwletiň bähbitlerine kybap gelýän ýakyn ikitaraplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygy tassyklanyldy, dürli ugurlarda türkmen-täjik gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin zerur mümkinçilikleriň bardygy bellenildi, şeýle hem geljekde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. 

 Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar uzakmöhletleýin we strategik häsiýete eýe bolýar. Döwlet, hökümetara we pudagara derejesinde gol çekilen köp sanly resminamalary özünde jemleýän kadalaşdyryjy-hukuk binýady, şeýle hem hökümet we pudak derejelerinde yzygiderli esasda geçirilýän geňeşmeler hem-de gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Ikitaraplaýyn ygtybarly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ugurlarynda senagat pudagyna hem möhüm orun degişlidir. Dostlukly, birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-täjik wekiliýeti tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylan meselelerde senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmegiň ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginiň arasynda senagat babatynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şunuň bilen iki döwletiň görkezilen ministrlikleriniň wekilleri öňdebaryjy tejribeleri alyşmak arkaly özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin tagallalary birleşdirmek kararyna gelendiklerini tassyklap, senagat ulgamynyň esasy ugurlarynda bilelikde hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlediler.