Önümler, hyrydarlar, geleşikler...

Şu ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy we sergisi geçirildi. 6-7-nji awgustda Hazaryň kenarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň milli önümleriniň halkara sergisine gatnaşan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň  garamagyndaky senagat kärhanalarynda öndürilýän sement, magdan däl materiallar, metal önümleri, aýna, diwar materiallary, gurnama demirbeton we iri panelli jaý gurluşyk önümleri, keramzit, kaolin, gips we maşyngurluşyk önümleri uly isleglerden peýdalanýar. 

Sergide ýurdumyzyň gurluşyklarynyň bökdençsiz üpjün edilmegi üçin «Bäherden», «Balkan» we «Lebap» sement zawodlarynda TDS 751-2015, TDS 752-2020, TDS 753-2020 bellenen talaplara laýyklykda, PS 500 G0-K, PS-500-G5-K, PS 500-G20-K, PS 400-G0-K, PS 400-G20-K, SDPS 400-G0-K markaly portlandsement önümleri öndürilýär. «Türkmenistanda öndürildi» belgili sement önümlerine diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem halkara bazarlarynda-da ýokary isleg bildirilýär. Bu sement zawodlarynyň önümlerine, şeýle hem  adam saglygy üçin zyýansyz, ýaşaýyş-durmuşyň hemme ugurlarynda ygtybarly ulanylýan, ekologik taýdan arassa önümler bolan ýüzi örtükli, laminirlenen aýnalara, aýna paketlerine, dürli ölçegli çüýşe gaplara, hojalyk we lukmançylyk maksatly önümlere, «float» tehnologik esasynda öndürilýän termopolirlenen dury we reňkli aýnalaryň taplanan görnüşlerine ýokary isleg bildirildi. 

 «Nebitmaş» döwlet kärhanasy bilen bilelikde işleýän «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň dürli ölçegli (60х60, 30х40, 30х30) potolok çyralary, kuwwatlylygy degişlilikde, 36, 48 we 96 wata barabar häzirki zaman önümleri, dürli görnüşli LED yşyklandyryjylary serginiň myhmanlarynyň üns merkezinde boldy. Şeýle önümleriň elektrik energiýasyny tygşytlaýjylygy, yşyklandyryş möhletiniň uzaklygy hem-de ekologik taýdan arassalygy we ynsan saglygyna zyýansyzlygy bilen tapawutlanýandygy olaryň iň bir häzirki zaman önümlerindendigini görkezýär. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Polietilen we polipropilen öndürýän zawodyň önümleriniň potolok çyralaryna esasy çig mal bolup durýandygy, has-da «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän elektron maglumat tagtalary, şeýle hem başlangyç synplar üçin niýetlenen netbuk kompýuterleri, dürli görnüşli ýokary watly awtomobil ýollaryny ýagtylandyryjy prožektorlary hyrydarlaryň islegli materiallaryndandyr.

Bu sergide Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň önümhanalarynyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli harytlary bolan senagat hem gurluşyk önümleri bu ýere gelenleriň göwnünden turdy. Şeýle hem bu ýerde «Polimer önümleri» zawodynda çykarylan dürli göwrümli turbalar we geçirijiler alyjylaryň ösen talaplaryny ödeýänligi, hiliniň ýokarylygy bilen adamlaryň ünsüni özüne çekdi. Zawodyň öndürýän önümleriniň esasy bölegini tutýan 16 millimetrden 315 millimetre çenli möçberli, jemi 23 ölçeg görnüşli turbalar bu ýere gelenleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şeýle hem bu ýerde kärhananyň halk hojalygynda giňden peýdalanylýan maýyşgak gurşawlary, azyk önümlerini salmaga niýetlenen bir gezek ulanylýan gaplar, bulgurlar we beýleki polimer önümleri halk köpçüliginiň ünsüni özüne çekdi.

Gazbeton öndürýän zawodyň çig mallary we  gurluşyk serişdeleri bolan kwars çägesi, sement, sönmedik hek, gips daşy ýurdumyzda uly islegden peýdalanýar. Awtoklawda 180 gradus gyzgynlykda 12 sagat saklanyp, 14 basyşdaky atmosferada garyndylaryň hasabyna çişirilen gazbeton önümi adaty kerpiçlerden 6-7 esse ýeňildir. Munuň özi binanyň umumy agramyny peseldip, onuň seýsmiki durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Ol gyşyna ýylylygy örän gowy saklaýan we tomsuna jaýlaryň içiniň salkyn bolmagyna mümkinçilik berýän, daşky gyzgynlygy içine, binanyň içindäki salkyn howany bolsa daşyna goýbermeýän, saglyk üçin ýaramly bolan gurluşyk serişdesidir. Şonuň üçin hem bu önümiň gymmaty başga we şeýle kerpiçlere sergide diýseň ýokary baha berildi.

Ýaşlyk keramzit zawodynyň önümhanalarynda polietilen plýonkaly we alýumin folgaly top görnüşli basyrgy gidroizolýasion materialy bolan izogam, buýrujylaryň sargydy esasynda howa çalşyjy enjamlar, demir gözenekler, derweze, gapy, kese oturgyçlar, aýakly çyralar-torşer, hapa atylýan gaplar öndürilip, olara bu sergide hem uly isleg bildirildi. Şeýle hem zawodyň rezin owuntygyny öndürýän bölüminde ulanyşdan galan awtoulag tekerlerinden taýýarlanan degişli önümler bar. 

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň  bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän öýjükli telefonlary, smartfonlary, dürli görnüşli monobloklary, «Zemin» hem «Tolkun» brendli 55, 42 hem-de 32 dýumlyk «Smart» telewizorlary, split sowadyjylary, internet ulgamyny paýlaýjylary — routerleri, suwy sowatmaga we gyzdyrmaga niýetlenen kulerleri döwrebaplygy bilen bu gezek hem  hyrydarlaryň ünsüni özüne çekdi. Şonuň ýaly-da Gökdepe, Kaka, Balkan, Köýtendag kän müdirlikleriniň we Bereket, Galaýmor kän hojalyklarynyň senagat-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, has oňaýly häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, awtomobil hem demir ýollaryň, estakadalaryň, köprüleriň gurluşyklarynda ulanylýan önümleri bolan dürli ölçegdäki daş owuntyklary, owradylyp baýlaşdyrylan çäge, çagyl-çäge garyndylary hyrydarlaryň bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Şeýle-de gurluşyklar üçin bezeg serişdeleri bolan Gökdepe etrabyndaky «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde öndürilýän ýokary hilli mermer önümleri ýurdumyzyň giň gerimli gurluşyklarynda isleg bildirilýän, ýokary hilli önümlerden bolup durýar.  Ösen döwletleriň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu kärhananyň ýokary hilli, dürli galyňlykdaky bezeg daşlary, arhitektura şekilleri, sütün üçin örtgi plitalary, ýolýaka jähek daşlary, öý ojagy, basgançaklar ýokary hilliligi bilen bu gezek hem öz hyrydarlarynyň göwnünden turdy.