Senagat we gurluşyk önümçiligi kämilleşdirilýär
2021-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisde seredilen beýleki meseleler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirligine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslyk maýadaky paýy 49 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar bermek baradaky meselä hem garaldy.
Ýurdumyzyň senagat kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hereket edýän kärhanalaryň düzümini kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary zerur önümler bilen üpjün etmek boýunça işleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ministrligiň Balkan kän müdirligine «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge paýly gatnaşmaga ygtyýar bermek hakyndaky Kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda gurluşyk we senagat pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirligine – esaslyk maýadaky paýy 49 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.
Balkan kän müdirliginiň Kaolin önümhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi we durkunyň täzelenilmegi kärhananyň öndürijiligini artdyrmaga mümkinçilik berer hem-de täze iş orunlaryny döretmäge we daşary ýurtlardan zerur çig maly satyn almaga sarp edilýän serişdeleri tygşytlamaga ýardam eder.