Garaşsyzlyk toýuna ýokary netijeler
Şu ýylyň 10-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredilip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi we bu döwürde amala aşyrylan işlere baha berildi, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi. Onda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary öz gözegçilik edýän gurluşyk, senagat we energetika toplumynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda hormatly Prezidentimize hasabat berdi.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde ýurdymyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini we görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek, şeýle-de daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär.
2021-nji ýylyň ýanwar – awgust aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 124,9 göterim ýerine ýetirildi.
Tutuş ministrlik boýunça şeýle uly zähmet üstünlikleriniň gazanylmagyna onuň garamagyndaky edara-kärhanalar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hasabat döwründe Kaka kän müdirligi boýunça magdan däl önümleriň öndürilişi 115 göterim, ösüş depgini 115,3 göterim, Büzmeýin etrabynyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy degişlilikde 112,6 göterim ýerine ýetirildi, bu kärhanada ösüş depgini 112,7 göterime barabar boldy. «Polimer önümleri» zawodynda turbalaryň öndürilişiniň iş meýilnamasy 187,9 göterim ýerine ýetirildi we 299,3 göterim ösüş gazanyldy. Gazbeton öndürýän zawodda meýilnama 134,4 göterim ýerine ýetirilen bolsa, ösüş depgini 231,2 göterime deň boldy. «Demir mehaniki» kärhanasynda demir gurnawlarynyň öndürilişi 111,4 göterime we ösüş depgini 105,4 göterime barabar boldy.
Ministrligiň Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» kärhanasynda bu görkezijiler manat görnüşinde alnanda degişlilikde 170,7 göterime we ösüş depgini 167,9 göterime deň boldy. Daşoguz şäher «Demirbeton öndürýän» zawodynda meýilnama 127,3 göterim we ösüş depgini 136,7 göterim ýerine ýetirilen bolsa, Türkmenabat şäher «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynda meýilnama 119,3 göterim, ösüş depgini 128,4 göterim ýerine ýetirildi. Bu ugurda Gazbeton öndürýän zawodda meýilnama 166,4 göterim ýerine ýetirilip, 371,3 göterim ösüş gazanylan bolsa, «Polimer önümleri» zawodynda bu görkeziji 307,9 göterime we ösüş depgini 343,4 göterime barabar boldy. «Demir mehaniki» kärhanasynda meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 125,3 göterime deň bolan bolsa, onuň ösüş depgini 136,4 göterime deň boldy. Sekiz aýyň jemi boýunça «Türkmendemirönümleri» döwlet we «Türkmen aýna önümleri» kärhanalarynda hem gowy netijeler gazanyldy. Olaryň birinjisinde önümleriň öndürilişi 117,9 göterime, ösüş depgini hem 113,3 göterime barabar bolan bolsa, ikinjisinde önümleriň öndürilişi 136,2 göterime we ösüş depgini 145,6 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir işgärleriniň mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini we kabul eden maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uly dabaralar bilen bellenilýän döwletimiziň baş baýramyny – Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny uly zähmet sowgatlary bilen garşylajakdyklaryna ynanýarys we olara üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.