Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi
2021-nji ýylyň 21-22-nji sentýabrynda paýtagtymyzda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän, däbe öwrülen sergi milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň beýanyna, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban halkymyzyň döredijilik güýç-kuwwatynyň subutnamasyna öwrüldi.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýubileý ýylynda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu sergi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu gözden geçiriliş senagat ösüş ýoly bilen ynamly öňe gidip, ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulyşýan Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, onuň serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä görkezýär.
Arkadag Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda beýik Garaşsyzlygyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetilendigi nygtalýar we mundan beýläk hem bu ugurda möhüm işleriň durmuşa geçiriljekdigi bellenilýär.
Sergide Türkmenistanyň ösüşiniň esasyny kesgitleýän ykdysady ulgamyň gazananlary hemmetaraplaýyn açylyp görkezildi hem-de ýurdumyzyň halk hojalygynyň we hususy önüm öndürijileriniň alyp barýan işleri we ýerine ýetirýän hyzmatlary ýaýbaňlandyryldy.
Sergä gatnaşan ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem-de garamagyndaky edara-kärhanalar hem özleriniň öndürýän önümlerini görkezdiler. Pudakda gazanylan üstünlikleri şöhlelendirýän senagat we gurluşyk önümleri özüniň köp görnüşliligi, döwrebaplygy, daşary ýurtly kompaniýalaryň, firmalaryň we işewürleriň hem-de ýerli sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýanlygy bilen tapawutlandylar. Senagat we gurluşyk önümçiligi ulgamynda innowasion tehnologiýalar we nou-haulara aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär.
Sergide ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň kuwwaty we mümkinçilikleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar arkaly görkezildi. Şeýle hem, gyzyklanýan taraplar önümçilik boýunça alnyp barylýan täze işläp taýýarlamalaryň taslamalary bilen tanyşdyryldy.
Ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň öndürýän sement, magdan däl materiallar, demir önümleri, aýna we aýna önümleri, elektron we maşyngurluşyk enjamlary, polimer önümleri, diwarlyk materiallar, keramzit, kaolin, gips, gazbeton we izogan önümleri hem-de beýleki senagat we gurluşyk materiallary oňat bezelen diwarlyklarda, wideoşekillerde, kitapçalarda we žurnallarda sergä gelenlere görkezildi we olarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem, döwrebap senagat we elektron önümleriniň köp görnüşlerini öndürýän bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň tanyşdyrylyşy sergä gatanaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.
Bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan elektron önümleriniň önümçiligi giňden alnyp barylýar. Kärhanada dürli görnüşli LED lampalaryň, okuwçylar üçin niýetlenen öwrediji kompýuterleriň we netbuklaryň , ölçegleri 32, 42, 55 we 65 dýuýmly ýokary hil derejeleri bolan täze smart telewizorlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Bu hojalyk jemgyýetde öýjükli telefonlary, döwrebap monobloklaryň dürli görnüşlerini, split-kondisionerleri, internet ulgamynyň paýlaýjylaryny – routerleri, agyz suwuny sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen kulerleri öndürmek bilen, öndürilýän önümleriň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň bu sergisi Gahryman Prezidentimiziň Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, pudaklara öňdebaryjy innowasiýalary ornaşdyrmak, ýerli önümlerimiziň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň mukdaryny azaltmak we eksporty artdyrmak ýaly strategik wezipeleri özünde jemleýän ykdysady syýasatynyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň subut etdi.