Bagtyýar maşgalalara toý sowgady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşaýyş-durmuş maksatly gurluşyk işleri güýçli depginde dowam edýär. Toýlarymyzyň toýa ulaşýan günlerinde Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda täze binalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi asylly däbe öwrüldi. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralara beslenýän günlerinde-de eziz Diýarymyzyň çar künjünde täze binalardyr desgalaryň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi. 

Golaýda paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda döwrebap seýilgähiň, şol köçäniň ugrunda gurlan ýerasty geçelgeleriň dördüsiniň açylmagy, baş şäherimiziň günorta böleginde kemala gelýän täze edara ediş-medeni merkeziň ajaýyp binagärlik toplumy bilen sazlaşykly utgaşýan, Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylyk günleriniň buýsançly wakasy boldy. 

Ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen birlikde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem-de onuň garamagyndaky önümçilik kärhanalary hem bu desgalaryň gurluşyklaryny zerur bolan gurluşyk önümleri bilen üpjün edip, olaryň ulanmaga berilmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşdular. 

Häzirki günde bu ministrligiň edara-kärhanalary tarapyndan ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek bilen bir hatarda Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli maksatly binalaryň gurluşyklary hem alnyp barylýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýyly bolan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýaşaýyş jaýlarynyň 12-si, senagat we durmuş maksatly desgalaryň 3-si ministrligiň kärhanalary tarapyndan gurlup ulanmaga berildi.

Şu ýylyň 22-nji sentýabrynda ministrligiň Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasy tarapyndan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri we olaryň maşgala agzalary üçin gurlan täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýene biriniň açylyp, bagtyýar maşgalalara sowgat edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy. Täze gurlan 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýynda ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar döredilendir. Onda iki, üç, dört otagly giň we amatly öýler bar. Kömekçi otaglary hem göz öňünde tutulypdyr. Kärhananyň ussat gurlyşykçylarynyň guran täze ýaşaýyş jaýyndaky öýler, aşhana otagy zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.     

Şanly toýuň öňüsyrasynda bolan şeýle şatlykly wakalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşen mähriban halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşaýandygynyň, ýurdumyzda asuda, bagtyýar durmuşyň höküm sürýändiginiň alamatydyr. Şeýle eşretli döwre, döwletli döwrana ýetiren hormatly Prezidentimiziň tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.