Yhlasly zähmet – guwandyryjy netije
Hormatly Prezidentimiziň uzak geljegi göz öňünde tutýan giň gerimli maksatnamalarynda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny döwrebap ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde guwandyryjy işleriň durmuşa geçirilmegi bilen, belent sepgitlere ýetildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi gülledip ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, zähmet çekýän adamlar üçin amatly şertleri döretmek baradaky çäksiz aladalaryndan ruhlanyp, yhlasly zähmet çekýän Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän «Polimer önümleri» zawodynyň agzybir işgärleri öz gazanýan ýokary netijeleri bilen pudagyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlan ýyly bolan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Polimer önümleri» zawodynyň önümçilik depgini barha artýar. 2021-nji ýylyň ýanwar – awgust aýlarynda kärhanada turbalary öndürmek boýunça meýilnama 187,9 göterim ýerine ýetirilip, 299,3 göterim ösüş gazanyldy. Şeýle hem bu döwürde zawodda meýilnama boýunça öndürilmeli 5 000 000 manatlyk önümiň ýerine 15 396 796 manatlyk önüm öndürilip, meýilnama 307,9 göterim ýerine ýetirildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 343,4 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Häzirki wagtda bu zawodda diametri 16 millimetrden 315 millimetre çenli ölçegli turbalaryň 23 görnüşi öndürilip, olar gurluşyklarda, lagym, suw geçiriji ulgamlarda giňden ulanylýar. Kärhanada önümleriň uzak möhletleýin hem-de zyýansyz ulanyp bolýan täze görnüşlerini öndürmäge aýaratyn üns berilýär. Suw geçirijiler üçin goşmaça enjamlaryň, öz hojalygynda ulanylýan gap-gaçlaryň, azyk önümlerini saklamaga niýetlenen dürli görnüşli gaplaryň öndürilişi sarp edijileriň islegine görä ep-esli ýokarlandy.
Zawod Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de Gyýanly polimer zawody tarapyndan önümçilige zerur bolan çig mal bilen bökdençsiz üpjün edilýär.
Öňdebaryjy kärhana hojalyk hem-de tehnologik işleriň göwnejaý guralmagy netijesinde ähli ugurlar boýunça ýokary görkezijileri gazanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşyladylar.