«EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli güni geçirildi

Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy we bu möhüm waka Bütindünýä sergisiniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu bütindünýä ykdysady güzden geçirişiň dabaraly açylyşy 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda geçirilip, oňa gatnaşýan dünýä döwletleriniň 190-dan gowragy bilen bir hatarda, ýurdumyzyň wekiliýeti hem öz milli pawilýony bilen gatnaşýar.

Türkmen sergisi üçin bölünip berlen ýeriň umumy meýdany 1 müň 581 inedördül metre deňdir. Özboluşly binagärlik äheňinde gurlan iki gatly binanyň meýdany 976 inedördül metre barabardyr. «Ykjamlyk» atly mowzuklaýyn zolakda ýerleşdirilen Türkmenistanyň bölüminiň binagärlik keşbi okgunly ösüşiň girewi hökmünde hemişelik hereket pikirini beýan edýär.     Biziň ýurdumyz bu uly ähmiýetli foruma ençeme gezek gatnaşdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň Bütindünýä sergisine gatnaşmagyna tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hoşniýetli başlangyç hökmünde garalýandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň «EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň esasy maksady özygtyýarly ösüşiň 30 ýylynda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakdan, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden, öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr. 

Bütindünýä sergisinde guralan Türkmenistanyň milli gününde Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýokary wezipeli adamlary bilen bilelikde, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda gazanan üstünliklerini giňişleýin açyp görkezýän türkmen pawilýonyny gözden geçirdi. Ýurdumyzyň milli pawilýony «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşýan pawilýonlardan özboluşly tapawutlanmak bilen, onda milli bezegiň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň saşlaşykly utgaşdyrylmagy jemlenendir. 

Milli pawilýon bilen tanyşlyk wagtynda bu ýere ýygnananlara Türkmenistanyň ulag, gurluşyk, senagat we gurluşyk önümçiligi, saglygy goraýyş, sport we medeniýet hem-de beýleki ulgamlarynda ýeten belent sepgitlerini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi. Döwlet Baştutanymyz türkmen pawilýony bilen tanyşlyga gatnaşyjylara ýurduň ösüşiniň öňdebaryjy ugurlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ýokary görkezijilerini giňişleýin beýan etdi.

Gurluşyk we binagärlik, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika ministrlikleriniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň bilelikdäki diwarlygy gurluşyk hem-de senagat önümçiligi ulgamlarynyň ägirt uly ösüşi barada maglumat berýär. 

Elektron senagatyny döretmek we ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşrylýan işler hem sergide öz beýanyny tapýar. Munuň şeýledigine sergä gatnaşyjylaryň biriniň – bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň işleri şaýatlyk edýär. Onuň öndürýän önümleri, ýagny dürli kysymly smart-telewizorlar, LED-lampalary, kompýuterler, planşetler, ykjam el telefonlary we beýlekiler bu sergide görkezilýär. 

Türkmenistan bu Bütindünýä sergisinde ilkinjileriň biri bolup, milli gününi geçirdi we bu möhüm waka dürli öwüşginli çäreler bilen utgaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşan «EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününiň dabaraly açylyşy we sergidäki türkmen bölümi halkymyzyň häzirki döwürde gazanan ägirt uly üstünlikleriniň hem-de özboluşly däp-dessurlarymyzyň, taryhy-medeni mirasymyzyň, milli ruhy esaslarymyzyň, depginli ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň, köptaraply halkara hyzmatdaşlyga we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge tarap alnan ugruň bir ýerde jemlenen beýanyna öwrüldi.   

Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä sergisinde guralan türkmen pawilýonyny gözden geçirenden soň, BAE-niň resmi adamlary bilen birlikde, Birleşen Arap Emirlikleriniň sergi bölümi bilen tanyşdy we ony tamamlap «EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkezine bardy hem-de onuň maslahatlar zalynda ikitaraplaýyn söhbetdeşlik boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň hem-de BAE-niň resmi adamlarynyň gatnaşan gepleşikleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy. Şonda Türkmenistanyň Enegetika ministrliginiň «Türkmenenergo»  döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen «Abu Dhabi Future Energy Company PJSC – Masdar»   kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty (Türkmenistan) bilen «DP World FZE» (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýasynyň arasynda porty dolandyrmak we logistika hyzmatlary babatynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda Ylalaşyga,  Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Dubaý şäheriniň Hökümetiniň Ykdysady ösüş departamentiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki garyşyk mineral dökünleri öndürýän himiýa zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda karz Ylalaşygyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen «Nasdaq Dubai Limited» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.