Täze ýaşaýyş jaý toplumy açylyp ulanmaga berildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň şäherlerinde hem-de obalarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-da gowulandyrmak, ilatyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň esasy ugrudyr. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda gündogar sebitde hem ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly kaşaň binalar köpçülikleýin gurlup, ulanmaga berilýär. 

Umuman, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda-da dürli maksatly täze ýüzlerçe desga ulanylmaga tabşyryldy. Munuň özi adamlaryň ýokary ýaşaýyş şertler bilen üpjün edilmegine, döredijilikli zähmet üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegine hem-de amatly ýaşaýyş we dynç alyş ulgamynyň pugatalandyrylmagyna gönükdirilendir. 

Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Lebap welaýatynyň merkezi – Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurlan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň dabaraly açylyp ulanylmaga berilmegi hem muňa güwä geçýär. 

Şol gün bu ýerde 17 sany 4 gatly we 70 sany 2 gatly kottej görnüşli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Bu desgalaryň 17 sanysynyň Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» we  «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanalarynyň zähmetsöýer gurluşykçylary tarapyndan gurlup ulanmaga berilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Ministrligiň demirbeton önümlerini öndürýän kärhanalary bu gurluşyk önümlerini öndürmek bilen bir hatarda, öz önümlerini ulanmak bilen gurluşyk işlerini hem alyp barýarlar. 

544 maşgala niýetlenen 17 sany täze ýaşaýyş jaýlarynyň hersinde 32 sany 3 we 4 otagly, ähli amatlyklary bolan öýler bar. Täze jaýlaryň hemmesi merkezleşdirilen ýylylyk, elektrik, gaz we suw ulgamy bilen üpjün edildi. Binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, çagalaryň oýun meýdançalary we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar göz öňünde tutuldy. Bu ýerde gök zolaklar döredildi, dürli güller ekildi, häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy çekildi. 

Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar, gurluşykçylar gatnaşdylar. Şeýle hem welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik toparlary aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. 

Bu ýere göçüp gelen bagtyýar maşgalalaryň agzalary täze jaýlaryň açarlaryny buýsanç bilen kabul edip, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar eden ajaýyp ýurtda bagtly ýaşaýşy üpjün etmäge gönükdirilen durmuş syýasatyny netijeli amala aşyrýan Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.