Öý edinmek isleseňiz!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we yzygiderli aladalary netijesinde ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-da gowulandyrmak, raýatlaryň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär.  Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda gündogar sebitde hem ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly kaşaň binalar köpçülikleýin gurlup, ulanmaga berilýär. 

Lebap welaýatynda şeýle gurluşyklary alyp barýan kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasydyr. Kärhananyň zähmetsöýer gurluşykçylary 2021-nji ýylda 35 sany 82 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny gurup ulanmaga berdiler.   

Häzirki wagtda Türkmenabat şäherindäki «Demirbeton-konstruksiýa» kärhanasy tarapyndan Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda we Çärjew etrabynyň täze, döwrebap şäherçesinde 3 we 4 otagly, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar, jaýlaryň tölegleri raýatlar üçin amatlydyr. Şeýle hem bu jaýlardan öý edinmek işleýänler üçin 2021-nji ýylyň 16-njy dekabrynda «Türkmen gündogary» gazetinde bildiriş çap edildi. 

Öý edinmäge isleg bildirýän raýatlar telefon arkaly ýa-da kärhana gelip, gerekli maglumatlary alyp bilerler. 

                                      

«Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň salgysy: Türkmenabat şäheriniň Amul şäherçesi, 14. 

 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (800422) 7-21-20, 7-92-39.