Täze önümçilik ýola goýulýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we öňe sürýän möhüm başlangyçlary netijesinde döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda oňyn özgertmeler giňden durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan hem eziz Diýarymyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, önümçilige sanly ulgamy ornaşdyrmak, iň soňky innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kärhanalary gurmak hem-de import we eksport ugurly önümçilikleri ýola goýmak, ýerli çig mallaryň hasabyna bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa täze senagat önümlerini öndürmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan döwletimiziň baý mineral-çig mal binýadynyň esasynda pudagy ösdürmek, önümleriň innowasion görnüşlerini tapmak boýunça birnäçe taslamalaryň üstünde işlenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň täze ýylda geçiren ilkinji mejlisinde berkarar döwletimiziň durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda, ministrligiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Algap» hususy kärhanasynyň arasynda döredilen «Senagat tehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ýola goýlan ýerli çig mal bolan kwars çägesinden öndürilýän üznüksiz aýna önüminiň owuntyklaryndan gurluşykda ulanylýan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça alnyp barlan işler barada hem habar berildi hem-de önümiň nusgalary görkezildi. Şu günde täze önüme degişli döwlet edaralaryndan hil, laýyklyk we howpsuzlyk güwänamalaryň alnandygy aýdyldy.
Arkadag Prezidentimiz ýerli çig maldan öndürilen kompozit gurluşyk armaturasynyň nusgalary bilen tanşyp, ekologiýa taýdan arassalygy, ykdysady taýdan elýeterliligi bilen tapawutlanýan önümçiligiň ýola goýulmagynyň daşary ýurtlardan getirilýän polat armaturanyň möçberini azaltmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.
Geljekde paýdarlar jemgyýeti tarapyndan polat görnüşiniň ornuny tutýan dürli ölçegdäki kompozit armaturasynyň önümçiligini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, jemgyýet tarapyndan bazalt çig malyndan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça hem guramaçylyk işleri geçirilýär.
Döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly kwars çägesinden aýna süýümini öndürmek we ondan polat armaturasynyň ýylda 15 müň tonnasynyň ýerini tutýan kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Kompozit armaturasy ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan raýat-senagat gurluşyklarynyň gurnama işlerinde, ýol-köpri gurluşygynyň demirbeton sütünlerinde giňden peýdalanylar. Täze senagat önümini kenarýaka gurluşyklarynda hem ulanmak bolar. Ol duza we himiki täsirlere hem-de poslama durnuklylygy bilen tapawutlanýar.
Bu önümçiligi geljekde has-da giňeltmek maksady bilen, ministrligiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň önümçiliginde emele gelýän galyndylary, ýagny aýna döwüklerinden häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly kompozit armaturasynyň esasy çig mal serişdesi bolan aýna süýümini öndürmek meýilleşdirilýär. Öndüriljek aýna süýminden diňe bir kompozit armaturasy däl-de, başga-da aýna süýümli üçburçlyklary, lagym turbalary we ýol gurluşygynda ulanylýan düşeme gatlagynyň aýna süýümli gözeneklerini hem öndürmek mümkinçiligi bar.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ugurdaş edaralar bilen bilelikde kompozit armaturasynyň berkligini synap görmegi hem-de ýokary hiliniň tassyklanan ýagdaýynda, bu işe hususy telekeçileri hem gatnaşdyryp, onuň giň önümçiligini ýola goýmagy çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň maksatnamalaryny we çykarýan kararlaryny, berýän wajyp tabşyryklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek üçin tutanýerli zähmet çekýärler we ähli zerur işleri alyp barýarlar.