Okuw-wagyz ediş çäresi geçirildi
18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde «Kiberhowpsuzlyk we maglumat goraglylygy» atly okuw-wagyz ediş maslahaty geçirildi. Bu wajyp çäre ministrligiň Sanly ulgamy we elektron senagatyny ösdürmek müdirliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi tarapyndan guraldy hem-de oňa ministrligiň ähli müdirlikleriniň we bölümleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň ulgamynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda alnyp barylýar.
Häzirki wagtda ministrligiň web-saýty döredilip, onuň işi talaba laýyk ýola goýuldy. Şeýle hem ulgamda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, «TS we GÖM» boýunça elektron resminamalar dolanyşygy hereket edýär hem-de internet ulgamyndan peýdalanylýar. Indi önümçilikde enjamlary sanly ulgama birikdirmegiň hasabyna gözegçilik, dolandyryş, abatlaýyş we önüm öndürmek işleri awtomatlaşdyrylýar.
Okuw-wagyz ediş maslahatynda, esasan, «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki degişli resminamalara laýyklykda, ulgamda kiberhowpsuzlygy we maglumatlaryň goraglylygyny üpjün etmek barada durlup geçildi. Bu hukuk resminamalarynyň esasy maksadynyň internet sahypalarynda şahsy maglumatlaryň elýeterliliginiň öňüni almakdan, işde bökdençlikleriň döremegine we maglumatlaryň ýitmegine hem-de beýleki ýaramaz ýagdaýlara ýol bermezlikden ybaratdygy bellenildi.
Şeýle hem maslahatda maglumatlaryň çeşmeleri barada umumy düşünjeler berildi hem-de maglumat howpsuzlygy, kiberhowpsuzlyk terminleri, kiberhowplaryň görnüşleri barada, zyýan ýetriji programma üpjünçiliginiň häsiýetleri, kiberhowpsuzlygy üpjün etmegiň çözgütleri, maglumatlary goramagyň usullary we görnüşleri barada gürrüň berildi.
Bulardan başga-da, okuw-wagyz ediş maslahatynda bu ugurda ministrlikde ýerine ýetirilen işler, öňde durýan esasy wezipeler we olary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Ministrligiň müdirliklerinde we bölümlerinde sanly ulgam we internet tory boýunça işleri howpsuz guramagyň maksatlary, hukuk meseleleri, degişli kanunçylyk namalarynyň talaplary maslahata gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.
Şeýle-de okuw-maslahatynyň ahyrynda işgärleri gyzyklandyrýan sowallar boýunça sorag-jogap alşyldy hem-de maslahatyň täsirli we guramaçylykly geçendigi bellenildi.