Täze öýlerde jaý toýlary toýlanylýar
Türkmen halky halal bilen haramyň arasyna serhet guran, diýmek, halal zähmet çekmek arkaly maksatlary myrat tapan halk. Işlemegi, dynç almagy utgaşykly alyp barýan, durmuşyny isleg-arzuwlaryna görä guraýan ildeşlerimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde özleriniň zähmetsöýerliginiň, ynsanperwerliginiň hasabyna uly abraýyň eýesi bolýarlar. Şeýle zähmetsöýer adamlaryň bir topary Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda zähmet çekýär. Bu kärhananyň işgärleri diňe bir demirbeton önümlerini öndürmek boýunça meýilnamalaýyn borçnamasyny doly ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem Garaşsyz Diýarymyzyň obalarynda we şäherlerinde gurluşyk işlerini alyp barmak boýunça-da uly üstünlikler gazanýarlar. Golaýda hem Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynyň işgärleriniň Daşoguz şäheriniň Aşgabat köçesiniň ugrunda bina eden her biri on alty öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi gurlup ulanmaga berildi.
Geçen 2021-nji ýylda bu zawodyň işgärleri Daşoguz welaýaty boýunça jemi on bir sany döwrebap, hemmetaraplaýyn durmuş amatlygy bolan edara binalaryny we ýaşaýyş jaýlaryny gurup ulanmaga berdiler. Golaýda, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň baş potratçylygynda «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan welaýat merkeziniň Aşgabat köçesiniň ugrunda gurlup ulanmaga berlen täze bina hem şeýle ýokary amatlykly, şäher sazlaşygyna gözellik goşýan binalaryň biridir. Prokuratura işgärleri üçin niýetlenen bu ýaşaýyş jaýy hem ýaşamak üçin ähli oňaýlyk-amatlyklaryň döredilenligi bilen tapawutlanýar.
«Demirbetonönümleri» zawodynyň işgärleri bu ýerde jaý gurluşygy meselesinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň ýerlerdäki edara-kärhanalarynyň özlerini gurluşyk materiallary bilen doly üpjün edýändikleri hakynda gürrüň berýärler.