Watan öýden başlanýar
Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň adalatly belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şäherlerinde we obalarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-da gowulandyrmak, raýatlaryň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak eziz Diýarymyzyň milli maksatnamalarynyň we strategiýalarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we Aşgabat şäherinde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly kaşaň binalar köpçülikleýin gurlup, ulanmaga berilýär.
Umuman, ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda-da soňky ýyllarda dürli maksatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň köp sanlysy gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň ýokary derejeli ýaşaýyş şertleri bilen üpjün edilmegine, döredijilikli işlemek üçin zerur bolan mümkinçilikleriň döredilmegine hem-de amatly ýaşaýyş we dynç alyş ulgamynyň sazlaşykly alnyp barylmagyna gönükdirilen syýasatyň durmuşa geçirilmegidir.
Elbetde, 27-nji ýanwar Watan goragçylarynyň güni. Şeýle baýramçylyk bolsa ajaýyp zähmet üstünlikleri, şanly-toýly wakalar bilen garşy alynýar. Şeýle günleriň biri bolan 25-nji ýanwar Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary üçin hem ýatdan çykmajak toýly günleriň birine öwrüldi. Şol gün gümrükhana işgärleri we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen dört gatly otuz iki öýli iň bir häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň biri gurlup ulanmaga berildi.
Şeýle döwrebap, ýaşamak üçin ýokary amatlykly jaýlaryň biriniň Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň zähmetsöýer gurluşykçylary tarapyndan gurlup ulanmaga berilmegi guwandyryjy ýagdaýlaryň biridir. Ministrligiň demirbeton önümlerini öndürýän kärhanalary bu gurluşyk önümlerini öndürmek bilen bir hatarda, öz önümlerini ulanmak bilen gurluşyk işlerini hem alyp barýarlar. «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň işgärleriniň bu ýerde jaý gurluşygy meselesinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň ýerlerdäki edara-kärhanalary tarapyndan öndürilýän gurluşyk materiallary bilen doly üpjün edilýändigi, özem täze ýaşaýyş jaýynyň öýleriniň on altysynyň üç otaglydygy, ýene şonçasynyň hem dört otaglydygy, içki bezegleriniň diýseň hoşuňa gelýändigini aýratyn bellemek gerek.
Täze jaý toýuny toýlaýan bagtyýar maşgalalar Halkyň Arkadagly zamanasynyň ilkinji aýynda özlerine şeýle amatly ýaşaýyş şertleri bolan öýleriň açarlarynyň gowşurylandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdyp, mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň işleriniň rowaç bolup, belent başynyň hem hemişe aman bolmagyny arzuw etdiler.