Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça önümhanany gurmak boýunça öň yglan eden açyk halkara bäsleşiginiň möhleti uzaldyldy
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça önümhanany gurmak barada yglan edilen açyk halkara bäsleşiginiň möhleti ýene-de 20 (ýigrimi) iş gününe çenli uzaldyldy.
Bäsleşigiň beýleki şertleri üýtgewsiz galýar.
Bäsleşige teklipler aşakdaky salgyda kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.
Görkezilen bäsleşigiň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2022-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky №28 (30061) sanynda hem çap edildi.
Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-17, 39-00-19, 39-00-21.