Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 000 tonna barabar bolan kalsit öndürýän önümhanany gurmak boýunça öň yglan eden açyk halkara bäsleşiginiň möhleti uzaldyldy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 29-njy dekabrynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 000 tonna barabar bolan kalsit öndürýän önümhanany gurmak barada  öň yglan edilen açyk halkara bäsleşiginiň möhleti ýene-de 10 (on) iş gününe çenli uzaldyldy.

Bäsleşigiň beýleki şertleri üýtgewsiz galýar.

Bäsleşige teklipler aşakdaky salgyda kabul edilýär:

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.

Görkezilen bäsleşigiň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndaky №40 (30073) sanynda çap edildi.

Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-17,     39-00-19, 39-00-21.